Sepleriň elýeterliligi

Fransua Olland Malidäki fransuz goşunlaryna sapar edýär


Şenbe güni Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Malide harby operasiýalary alyp barýan fransuz goşunlarynyň ýerleşýän ýerine gysga sapara bardy.

Ol bu saparynyň barşynda Malidäki yslamçy söweşijilere garşy harby operasiýalary indi afrikan goşunlaryna tabşyrmak meselesi barada-da gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Fransua Ollandyň ýany bilen Fransiýanyň daşary işler ministri, goranmak ministri we ösüş ministri-de bu ýurda bardylar.

Soňky günler fransuz goşunlarynyň harby operasiýalary netijesinde Malidäki ekstremistik söweşijiler ýurduň demirgazygyndaky öz kontrollyklarynda saklan ilatly punktlarynyň aglabasyny terk edip, demirgazyk serhet ýakalaryna çekildiler.
XS
SM
MD
LG