Sepleriň elýeterliligi

Baýden: “Orsýet bilen çynlakaý tapawutlar bar”


ABŞ-nyň wise-prezidenti J.Baýden Mýunhende howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan halkara ýyllyk konferensiýasynda çykyş edýär. Mýunhen, 2-nji fewral, 2013.

ABŞ-nyň wise-prezidenti J.Baýden Mýunhende howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan halkara ýyllyk konferensiýasynda çykyş edýär. Mýunhen, 2-nji fewral, 2013.

Germaniýanyň Mýunhen şäherinde howpsuzlyk meselelerine bagyşlanyp geçirilýän halkara ýyllyk konferensiýasynda Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň pozisiýalaryndaky tapawutlar has aýdyň göze ildi.

Şenbe güni bu konferensiýada eden çykyşynda ABŞ-nyň wise-prezidenti Josef Baýden: “Bizde (Orsýet bilen) Siriýa meselesi, raketa goragy, NATO-nyň giňeldilmegi, demokratiýa, adam hukuklary ýaly meselelerde çynlakaý tapawutlar bar. Bu tapawutlar real tapawutlar. Emma biz özümiziň howpsuzlyk bähbitlerimize we halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine ýardam etjek partnýorlygy ösdürmek mümkinçiliklerine-de garaýarys” diýip belledi.

Birleşen Ştatlarda prezident Obamanyň ikinji möhlet prezidentlik wezipesine girişmeginden bary-ýogy birnäçe gün soň çykyş eden jenap Baýden Orsýetiň täsir ediş regionlarynyň garaşsyzlygyny Waşingtonyň ykrar etmek islemeýändigini-de belledi.

Bähbitler we tapawutlar

“Birleşen Ştatlar Abhaziýany we Günorta Osetiýany garaşsyz döwletler hökmünde ykrar etmekçi däl. Biz hiç bir ýurduň täsir ediş sferasynyň bolmagyny ykrar etmeris. Amerika hemişe özygtyýarly ýurtlaryň özbaşlaryna karar kabul etmek hem-de özlerine soýuzdaş saýlamak hukugynyň bolmalydygy baradaky garaýşa eýermegini dowam etdirer” diýip, Baýden Mýunhendäki bu çykyşynda nygtady.

Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow (sagda) Mýunhendäki konferensiýanyň çäklerinde NATO-nyň Baş sekretary A.F.Rasmussen bilen duşuşýar. Mýunhen, 2-nji fewral, 2013.

Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow (sagda) Mýunhendäki konferensiýanyň çäklerinde NATO-nyň Baş sekretary A.F.Rasmussen bilen duşuşýar. Mýunhen, 2-nji fewral, 2013.

Şol bir wagtyň özünde, Josef Baýden Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň örän köp meselelerde, şol sanda ýadro ýaraglarynyň sanyny azaltmak, özara söwda gatnaşyklaryny we inwestisiýalary ösdürmek ýaly birgiden meselelerde özara bähbitli maksatlara eýerýändiklerini-de belläp geçdi.

Emma Josef Baýdeniň özara tapawutlar barada eden çykyşy onuň dört ýyl mundan ozal Barak Obamanyň prezidentliginiň ilkinji möhletiniň başynda Amerikan-Orsýet gatnaşyklaryny oňyn terzde täzeçe ýola goýmak barada eden çykyşyndakydan has tapawutly äheňde ýaňlandy.

Siriýadaky krizisler bilen baglanyşykly meselä degip geçmek bilen, ABŞ-nyň wise-prezidenti bu konferensiýanyň çäklerinde Siriýanyň oppozisiýa liderleri bilen duşuşmak planyny-da mälim etdi.

Şeýle hem, ol Birleşen Ştatlaryň häzirki wagt Siriýanyň oppozisiýasyna harby bolmadyk maksatlar üçin 50 million dollar ýardam berýändigini we bu ýardamlaryny mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini aýtdy.

Lawrow “gaýtawul” berdi

Öz gezeginde Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Mýunhendäki bu konferensiýada eden çykyşynda “Arap bahary” diýlip at berlen arap rewolýusiýalary, şol sanda Siriýadaky wakalar boýunça Günbataryň tutýan pozisiýasy bilen bagly Moskwada köpsanly soraglaryň bardygyny belledi.

Ol dünýä döwletleriniň öz daşarky gymmatlyklaryny bu ýurtlaryň boýnuna dakmaly däldiklerini, şeýle hem BMG-niň rezolýusiýasy bolmazdan bu ýurtlara garşy özbaşdak sanksiýalary girizmekden saklanmalydyklaryny nygtady.

Mundan daşary, Sergeý Lawrow NATO-nyň Ýewropada “soýuzdaşlyga esaslanýan” howpsuzlyk syýasatyny alyp barýandygyny aýtdy. Ol NATO-nyň öz howpsuzlygyny “beýlekileriň zyýanynyň hasabyna” gowulandyrjak bolmak tendensiýasynda tankytlady.

Lawrow NATO-nyň alyp barýan beýle syýasatynyň onuň “açyk sistemalar” we “hemmeleriň howpsuzlygyny üpjün etmek” diýip atlandyrýan prinsipine garşy gelýändigini belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG