Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan walýutalara çäklendirme girizdi


Özbek raýatlary özleriniň walýuta hasaplaryndaky daşary ýurt walýutasyny indi diňe daşary ýurtlara çykanlarynda alyp bilýärler.

Özbek raýatlary özleriniň walýuta hasaplaryndaky daşary ýurt walýutasyny indi diňe daşary ýurtlara çykanlarynda alyp bilýärler.

1-nji fewraldan başlap güýje giren bu düzgün Özbegistanyň adaty raýatlarynyň arasynda käbir aladalary döretdi.

Özbegistanyň Merkezi Bankynyň 30-njy ýanwarda yglan eden düzgünine görä, ýurduň adaty raýatlaryna mundan beýläk kommersiýa banklaryndan we beýleki maliýe guramalaryndan nagt pul görnüşinde daşary ýurt walýutalaryny almaga rugsat berilmez.

Raýatlar daşary ýurt walýutalaryny diňe belli bir şertler esasynda elektron bank geçirimi görnüşinde alyp bilerler. Munuň üçin talap edilýän şertlerden birem raýatlaryň özbek somy we daşary ýurt walýutasy üçin ýörite bank hasaplarynyň bolmagy.

Olar daşary ýurt walýutasyny almak üçin özleriniň şol bir bankdaky som hasabyndan walýuta hasaplaryna pul geçirmeli.

Emma, muňa garamazdan, raýatlar özleriniň walýuta hasaplaryndaky daşary ýurt walýutasyny diňe daşary ýurtlara çykanlarynda, halkara bank ulgamlary arkaly ýörite kartalaryň kömegi bilen alyp bilýärler.

Belli we belli däl zatlar

Özbegistanyň Merkezi Bankynyň bir aýal işgäri bu täze düzgüni şeýle düşündirdi: “Eger siz daşary ýurda gidýän bolsaňyz, size ‘Visa’ kartasy gerek bolar. Soňra siz banka baryp, arza ýazmaly, arzaňyzyň ýanyna pasportyňyzyň we uçar bilediňiziň kopiýasyny berkitmeli hem-de öz saparyňyzyň maksadyny düşündirmeli. Soňra nagt pul görnüşinde somuňyzy alyp, ony walýuta hasabyňyza goýuň. Şondan soň siz dollara öwrülen puluňyzy ‘Visa’ kartaňyzyň üsti bilen alyp bilersiňiz”.

Özbegistanyň Merkezi Banky özüniň bu täze düzgünini Özbegistanyň territoriýasynda ýeke-täk töleg serişdesi hökmünde “özbek somynyň hümmetini berkitmek” hem-de “pul ýuwuşlygynyň öňüni almakda halkara standartlaryna eýermek” maksady bilen düşündirýär.

Emma köp özbegistanlylar bu täze düzgüniň ýurduň daşynda işleýän öz dogan-garyndaşlary tarapyndan iberilýän dollarlary we rubllary almakda uly kynçylyklary döretmeginiň mümkindiginden aladalanýarlar.

Şu çaka çenli daşary ýurtlarda işleýän özbek raýatlary öz walýutalaryny banklaryň ýa-da halkara pul geçiriş hyzmatlarynyň üsti bilen Özbegistana iberýärdiler. Ol walýutalary bolsa nagt walýuta görnüşinde alyp bolýardy.

Özbegistanyň häkimiýetleri daşary ýurtlardan iberilýän bu walýutalaryň ýurduň raýatlarynyň walýuta hasaplaryna iberilmelimi ýa-da som görnüşinde iberilmelidigi barada häzire çenli anyk bir düşündiriş bermeýärler.
XS
SM
MD
LG