Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonda Owgan meselesi barada üçtaraplaýyn gepleşik geçirilýär


Ýekşenbe güni Britaniýanyň, Owganystanyň we Pakistanyň döwlet liderleri Londonda üçtaraplaýyn gepleşige ýygnandylar.

Premýer-ministr Dewid Kameron, prezident Hamid Karzaý we prezident Asif Ali Zardari bu gepleşikde esasan Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy berkarar etmek meseleleri barada maslahat ederler diýlip garaşylýar.

Owganystanyň häkimiýetleri daşary ýurt güýçleriniň bu ýurdy 2014-nji ýylda terk etmezlerinden öň talybanlar bilen parahatçylyk barada gepleşikleri ýola goýmaklyga çalyşýarlar.

Häzirki wagt Owganystanda Britaniýanyň 9 müňden gowrak harbysy gulluk alyp barýar.
XS
SM
MD
LG