Sepleriň elýeterliligi

Eýran ABŞ bilen ýadro meseleleri barada gepleşige taýýardygyny aýdýar


Eýran özüniň ýadro programmasy bilen baglanyşykly meseleler boýunça Birleşen Ştatlar bilen özara göni gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi.

Bu barada ýekşenbe güni Mýunhende halkara howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi durup geçdi. Ol Birleşen Ştatlaryň şeýle özara gepleşiklere “adalatly we real” matlaplar bilen gelmelidigini nygtady.

Ali Akbar Salehi Waşingtonyň bir tarapdan gepleşiklere taýýardygyny aýtmagynyň, beýleki tarapdanam Eýrana garşy haýbat atmagyny dowam etdirmeginiň gapma-garşylykly pozisiýadygyny belledi.

Bu çykyşynda ol dünýäniň alty döwletiniň 25-nji fewralda Gazagystanda Eýran bilen täze gepleşiklere başlamaklygy planlaşdyrýandygyny-da mälim etdi.
XS
SM
MD
LG