Sepleriň elýeterliligi

Kirkukda polisiýa edarasynyň jaýyna hüjüm edildi


Ýekşenbe güni Yragyň Kirkuk şäherindäki polisiýa edarasynyň binasyna näbelli ýaragly adamlar hüjüm edende, onlarça adam öldi.

Bu wakada janyndan geçen bir hüjümçiniň içine bomba ýerleşdirilen maşyny polisiýa edarasynyň golaýynda partladandygy we ýene birnäçe adamyň polisiýa garşy ýaragly hüjüm edendigi habar berilýär.

Kirkugyň polisiýa edarasynyň ýokary derejeli ofiserlerinden biri brigada-generaly Naseh Muhammad bu wakada azyndan 30-dan gowrak adamyň ölendigini we 70-den gowrak adamyň hem ýaralanandygyny aýdýar.

Ýöne olenlerden näçesiniň hüjümçilerdigi we näçesiniň polisiýa işgärleridigi barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär. Hüjümiň jogapkärçiligini heniz hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG