Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Assad Ysraýyly ýagdaýlary bulaşdyrjak bolmakda aýyplaýar


Ýekşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Ysraýylyň ýakynda Siriýanyň territoriýasynda howa hüjümlerini geçirmek arkaly, bu ýurduň içindäki ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrjak bolmakda aýyplady.

Prezident Assadyň bu çykyşy onuň geçen hepdäniň çarşenbe güni amala aşyrylan hüjüm barada eden ilkinji resmi beýanaty hökmünde alamatlandy.

Geçen hepde Siriýanyň hökümeti Ysraýylyň söweş uçarlarynyň Damaskyň golaýyndaky bir harby barlaglar merkezini bombalandyklaryny mälim etdi.

Emma Birleşen Ştatlar bu hüjümiň Siriýadan Liwanyň “Hizbulla” toparyna ýarag alyp barýan maşynlaryň kerwenine garşy geçirilendigini öňe sürdi. Ysraýyl bu wakalar barada henize çenli hiç hili beýanat etmedi.
XS
SM
MD
LG