Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Müsüriň oppozisiýasy prezidentiň suda çekilmegini isleýär


Kairde protestçiler prezident köşgüniň öňünde çykyş edýärler. Kair, 2-nji fewral, 2013.

Kairde protestçiler prezident köşgüniň öňünde çykyş edýärler. Kair, 2-nji fewral, 2013.

Ýekşenbe güni Müsüriň “Milli azat ediş fronty” atly esasy oppozision topary prezident Muhammad Mürsüniň häkimiýetden çetleşdirilmelidigi baradaky çagyryşlary goldap beýanat etdi.

Şeýle hem, bu topar Muhammad Mürsüniň “adam öldürmeler we gynamalar” bilen baglanyşykly sud jogapkärçiligine-de çekilmelidigi barada çagyryş etdi.

Müsüriň bu oppozision topary öz beýanatynda ýurtdaky gandöküşikler bes edilýänçä we günäkär adamlar jogapkärçilige çekilýänçä prezident bilen dialoga girip bilmejekdigini nygtapdyr.

Şenbe güni paýtagt Kairde we käbir beýleki şäherlerde hökümete garşy protestçileriň köpçülikleýin bulagaýçylyklary dowam etdi. Soňky bir hepdäniň dowamynda bu protest çykyşlarynda ölen adamlaryň sanynyň 60-dan geçendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG