Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ bilen göni gepleşiklere taýýardygyny aýdýar


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi.
Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi.
Eýran özüniň ýadro programmasy bilen baglanyşykly meseleler boýunça Birleşen Ştatlar bilen özara göni gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi.

Bu barada ýekşenbe güni Mýunhende halkara howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi durup geçdi.

Ol Birleşen Ştatlaryň şeýle özara gepleşiklere “adalatly we real” matlaplar bilen gelmelidigini nygtady.

“Bu gapma-garşlylykly bir pozisiýa: bir tarapdan siz ýadro meseleleri boýunça Eýran bilen gepleşiklere girmek isleýändigiňizi aýdýarsyňyz, emma beýleki tarapdan bolsa siz ‘ähli çäreleriň ulanylmagy mümkin, basyşlar we gepleşikler we dialoglar dowam etdirilmeli’ diýýärsiňiz. Bu zatlar biri-birine laýyk gelmeýän zatlar” diýip, Salehi belledi.

Baýden hem şony gozgady

Mýunhendäki bu howpsuzlyk konferensiýasynda şenbe güni ABŞ-nyň wise-prezidenti Josef Baýden Waşingtonyň Eýran bilen ýadro meselesi barada göni gepleşiklere girmek baradaky isleglerini ýene bir gezek gaýtalap, çykyş etdi.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary derejeli resmileriň 400-e golaýynyň gatnaşmagynda üç günläp dowam eden bu halkara konferensiýasynda Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly meseleler esasy üns merkezinde bolan meselelerden biri boldy.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi konferensiýanyň jemleýji gününde eden çykyşynda dünýäniň alty döwletiniň 25-nji fewralda Gazagystanda Eýran bilen täze gepleşiklere başlamaklygy planlaşdyrýandygyny-da mälim etdi.

Emma ol Birleşen Ştatlaryn, Orsýetiň, Hytaýyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň gatnaşmagynda gurnalmagy planlaşdyrylýan bu gepleşiklere Eýranyň öz razylygyny berendigi ýa bermändigi barada anyk bir zat aýtmady.
XS
SM
MD
LG