Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan lideri owgan, pakistan ýolbaşçylary bilen duşuşýar


Londonda, Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň, Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilýän üç taraplaýyn gepleşikler Owganystandaky parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge bagyşlanýar.

Bu duşuşyk Owganystanyň 2014-nji ýylyň aýagynda daşary ýurtlaryň söweş goşunlary gitmezinden öň talyban jeňçileri bilen parahatçylyk ylalaşygyny gazanmagy barada barha artýan basyş bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtyna gabat gelýär.

Britan hökümeti duşenbe güni geçirilýän gepleşiklere owgan hem pakistan harby ýolbaşçylarynyň we aňtaw başlyklarynyň hem gatnaşýandygyny aýtdy.

Bu şunuň ýaly üç taraplaýyn görnüşde geçirilýän duşuşyklaryň üçünjisidir.

Britaniýanyň Owganystanda dokuz müňden gowrak esgeri bar, olaryň köpüsi Helmand welaýatyndaky NATO güýçleriniň hatarynda gulluk edýär.

Britaniýa bu ýurtdaky esger sany boýunça ikinji orunda durýar, Birleşen Ştatlaryň Owganystanda 60 müňden gowrak esgeri bar.
XS
SM
MD
LG