Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran bankynyň öňki başlygynyň ýanyndan 70 million dollarlyk çek tapyldy


German häkimiýetleri Eýranyň merkezi bankynyň öňki başlygynyň ýanyndan 70 million dollar çemesi bahasy bolan çek tapdylar.

Germaniýanyň gümrük resmileri Disseldorf aýeroportunda 59 ýaşly adamyň ýanyndan 300 million wenezuela boliwaryna ýazylan çek tapandyklaryny aýdyp, beýanat ýaýratdylar.

Bu çek Wenezuela banky tarapyndan çap edilipdir.

Germaniýanyň “Bild am Sonntag” gazeti ol adamyň adynyň Tahmasp Mazaheridigini, onuň 2008-nji ýyla çenli Eýranyň merkezi bankynyň başlygy bolandygyny ýazýar.

Bu çek 21-nji ýanwarda, Türkiýeden Germaniýa gelen uçarda, Mazaheriniň goşlarynyň arasyndan tapylypdyr.

German häkimiýetleri pul ýuwma ähtimallygy barada derňew geçirýärler.
XS
SM
MD
LG