Sepleriň elýeterliligi

Yrak urşunyň weterany amerikan mergenini öldürmekde aýyplandy


Yrak urşunyň 25 ýaşly weterany Amerikanyň harby taryhynda iň öndümli mergen hökmünde häsiýetlendirilýän, harby-deňiz güýçleriniň öňki SEAL agzasyny öldürmekde aýyplandy.

Güman edilýän Eddi Reý Rous şenbe güni Tehasdaky atyş meýdançasynda mergen Kris Kaýly we ýene bir adamy atyp öldürmekde aýyplanýar.

Birleşen Ştatlaryň harbylary deňiz pyýada güýçleriniň kapraly Rousyň 2007-nji ýylda Yraga, 2010-njy ýylda bolsa Haitä ýollanandygyny tassyk etdiler.

Bu jenaýatyň sebäbi barada heniz bilinýän zat ýok. 38 ýaşly Kaýl Yrakda gulluk edip, 2012-nji ýylda bestseller bolan “Amerikan mergeni” kitabyny ýazdy.

Ol mergen hökmünde 150 adamy atyp öldüren diýip bilinýär.

Kaýl yrakly pitneçileriň özüne “Şeýtan” diýip at dakandyklaryny we öz kellesine 20 müň dollar baha kesendiklerini aýdardy.
XS
SM
MD
LG