Sepleriň elýeterliligi

Panetta “Al-Kaýda” liderini tutmak üçin gödeklige zerurlyk bolmandy diýýär


Merkezi Aňtaw gullugynyň öňki direktory we Birleşen Ştatlaryň Osama bin Ladeni öldüren operasiýasyna gözegçilik eden Leon Panetta “Al-Kaýda” lideriniň terrorda güman edilýänleri gödek sorag etmezden hem tapylyp bilinjegine ynanýandygyny aýdýar.

Panetta ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň NBC telewideniýesine beren gürrüňinde bin Ladeni tapmagyň bir topar detalynyň bolandygyny aýtdy.

Ol bu ugurda toplanan maglumatlaryň köpüsiniň amerikan agentleri tarapyndan, berk sorag ýa, käbir tankytçylaryň atlandyryşy ýaly, gynag astynda ele salynmandygyny aýtdy.

Bin Laden 2011-nji ýylyň maýynda, Pakistanyň Abbotabad diýen ýerinde, amerikan esgerleri tarapyndan öldürilipdi.

Panetta basym özüniň häzir eýeleýän goranmak sekretary wezipesinden aýrylmaly.
XS
SM
MD
LG