Sepleriň elýeterliligi

Stambul polisiýasy amerikaly aýalyň kelle ýarasyndan ölendigini aýdýar


Türk polisiýasy Stambulda öli tapylan amerikaly aýalyň, görnüşinden, kellesine urlup öldürilendigini aýdýar.

Stambul polisiýasynyň başlygy Huseýin Çapkin sülçüler 33 ýaşly Saraý Siýerranyň kellesine salnan ýaradan ölendigini aýdýarlar diýdi.

Polisiýanyň Nýu-Ýorkdan gelen aýalyň öldürilmegi bilen baglylykda azyndan 11 adamy saklandygy aýdylýar.

Iki sany ýaş çaganyň ejesi bolan Siýerra şenbe güni, gadymy şäher diwarlarynyň harabasynyň ýanyndan öli tapyldy.

Ol bu ýurda ýanwaryň başynda, suratçylyk pişesi sebäpli gelipdir.
XS
SM
MD
LG