Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täze sekretar ysraýyl, palestin liderleri bilen gepleşdi


U.S. -- John Kerry is officially sworn-in as Secretary of State in in Washington, DC, 01Feb2013

U.S. -- John Kerry is officially sworn-in as Secretary of State in in Washington, DC, 01Feb2013

Jon Kerri Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary hökmünde işe başlanda eden ilkinji telefon gürrüňlerinde ysraýyl we palestin liderleri bilen gürleşdi.

Palestin häkimiýetiniň sözçüsi Kerri Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen gürleşip, oňa prezident Barak Obamanyň ysraýyl-palestin parahatçylyk prosesini ilertletmek bilen gyzyklanýadygyny we palestin halkynyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady kynçylyklaryndan habarlydygyny aýtdy diýdi.

Resmiler Kerriniň Amerikanyň ýarany Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu, prezident Şimon Peres bilen hem gürleşendigini aýtdylar.

Döwlet departamenti Kerriniň Birleşen Ştatlaryň ýaranlary bolan Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Günorta Koreýanyň, şeýle-de goňşy ýurtlar bolan Kanadanyň, Meksikanyň daşary işler ministrleri bilen gürleşendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň ozalky senatory Jon Kerri anna güni Hillari Klintonyň ýerine döwlet sekretary hökmünde kasam kabul etdi.
XS
SM
MD
LG