Sepleriň elýeterliligi

Yrak uruş weterany mergeni öldürmekde aýyplanýar


U.S. - Eddie Ray Routh is pictured in this booking photo provided by the Erath County Sheriff’s Office, undated

U.S. - Eddie Ray Routh is pictured in this booking photo provided by the Erath County Sheriff’s Office, undated

Yrak urşunyň weterany, 25 ýaşly amerikaly harby-deňiz güçleriniň meşhur harby snaýperini atyp öldürmekde aýyplanýar.

Tussag edilen Eddi Reý Rut geçen şenbe güni Tehasda Kris Kaýly we ýene bir adamy atyp öldürenlikde güman edilýär.

Tehasyň ýol gözegçiligi boýunça ofiseri Lonni Hasçel bu heläkçilikli wakanyň pidalarynyň 38 ýaşly Kristofer Kaýl we 35 ýaşly Çad Littlefielddigini aýtdy hem-de 25 ýaşly Eddi Reý Rutyň olary öldürmekde güman edilýändigini mälim etdi.

“Associated Press” agentliginiň maglumatyna görä, amerikan harbylary harby-deňiz güýçleriniň kapraly Rutyň 2007-nji ýylda Yrakda we 2010-njy ýylda-da Gaitide gulluk edendigini tassykladylar.

Polisiýa Rutyň özüniň näme sebäpden adam öldürendigini häzire çenli düşündirmändigini habar berdi.

ABŞ-nyň Harby-deňiz güçleriniň snaýperi Kristofer Kaýl

ABŞ-nyň Harby-deňiz güçleriniň snaýperi Kristofer Kaýl

38 ýaşly Kaýl hem Yrakda gulluk edipdi. Ol 2012-nji ýylda “Amerikan snaýperi: Amerikanyň harby taryhynda iň köp adam öldüren snaýperiň terjimehaly” atly kitabyny çap edipdi.

Kaýl 150-den gowrak adamy atyp öldüren snaýper hökmünde tanalýar. Kaýl yrakly gozgalaňçylaryň ony “şeýtan” diýip atlandyryp, onuň kellesi üçin 20 müň dollarlyk baýragy yglan edendiklerini aýdýardy.

Habar berlişine görä, Kaýly atyp öldürmekde şübhelenýän Rut başdan geçiren harby gullugy zerarly ruhy hassalyk tapynan diýlip hasplanýar. Onuň işsizdigi-de habar berilýär.

Kaýl amerikan weteranlaryna ýardam bermek boýunça alyp baran işleri bilen hem meşhurdy. Ol amerikan uruş weteranlaryna özleriniň harby gullukda alan fiziki we ruhyşikesleri bilen bagly problemalaryny çözmäge kömek berýärdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, iki adamyny atyp öldürmekde güman edilýän Rutyň ol adamlar bilen atyşyk türgenleşigi geçirilýän “Rough Greek Lodge” atly ýere bile gidendigi çak edilýär.

Rut Lankasterdäki öýünde ele salyndy. Polisiýa adamlaryň atylyp öldürilmeginde ulanylan ýaragyň hem tapylandygyny aýtdy. Polisiýanyň aýtmagyna görä, Rutyň harby gullukda ýeten zyýandan soňky stress näsaglygyny bejermek üçin medisina kömegini alyp-almandygy häzirlikçe belli däl.

Kristifer Kaýl 1999-njy we 2009-njy ýyllar aralygynda amerikan flotunda gulluk edipdi we dört gezek Yrakda bolupdy, şol sanda ABŞ-nyň “SEAL” atly ýörite harby bölüminiň düzüminde. Kaýlyň yzynda aýaly we iki çagasy galdy.

Tehasda ösüp kemala gelen Kaýl birnäçe amerikan sylaglaryna eýe bolupdy. Kaýl habar serişdelerine beren interwýularynda harby gullugyň dowamynda adam öldürenligine gynanmaýandygyny we gullugy sebäpli ruhy taýdan stress bolmandygyny aýdypdy we öz işini “abraýly” iş diýip atlandyrypdy.

Kaýl maýyp amerikan weteranlaryna ýardam bermek bounça iş alyp barýan kommersial däl guramanyň agzasydy. Şeýle-de, ol adamlara goranyş usullaryny öwredýän kompaniýany döredipdi.

Pajygaly wakalar

Kaýlyň öldürilmegi bilen bagly waka ABŞ-da ok-ýaraglaryň ulanylmagy bilen bagly hadysalaryň köpelen wagtyna we Yrakdaky hem Owganystandaky uruşlarda psihiki taýdan maýyp bolan harbylaryň problemasynyň güýçlenen döwrüne gabat geldi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 14-nji dekabrda Konnektikut ştatynda bolan gandöküşikli wakanyň yz ýany ok-ýaraglaryň sanynyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak üçin çäre görüljegini aýdypdy. Şol pajygaly wakada 20 çaga we 7 sany uly adam atylyp öldürilipdi.

ABŞ-nyň Weteranlaryň işi boýunça departamenti geçen hepdede 2010-njy ýylda çen bilen her günde ortaça 22 weteranyň öz janyna kast edendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG