Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň mejlisindäki dawalar


Mahmud Ahmadinejad Eýranyň parlamentinde çykyş edýär. 3-nji fewral, 2013 ý.

Mahmud Ahmadinejad Eýranyň parlamentinde çykyş edýär. 3-nji fewral, 2013 ý.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejed ýurduň parlamentiniň başlygynyň maşgalasyny parahorlukda we öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplady. Bu aýyplamalar iýun aýynda geçirilmeli prezidentlik saýlawlaryna gabatlanyp edilýär.

Ahmadinejad bu barada ýekşenbe güni ýurduň parlamentinde çykyş etdi. Ol şonda özüniň ministrleriniň biriniň impiçment arkaly wezipesinden aýrylmagyna garşy bolup, onuň arkasyny tutdy.

Deputatlar zähmet ministri Abdolreza Şeýkholeslame impiçment yglan edip, ony wezipesinden boşatdylar. Onuň ýakynda Tähranyň prokuraturasynyň başlygyny Eýranyň jemgyýetçilik fonduna başlyk hökmünde bellemegi netijesinde dawa ýüze çykypdy.

Bu wezipä bellenilen resminiň ady Saeed Mortazawi. 2010-njy ýylda parlamentiň geçiren derňewi netijesinde Mortazawiniň hökümete garşy çykyş eden azyndan üç aktiwistiň Tähranyň türmelerinde ölmegine jogapkärdigi subut edildi.

Ýekşenbe güni geçirilen mejlisiň dowamynda prezident Ahmadinejad bir audio ýazgyny eşitdirdi. Ol bu audioda Mortazawi bilen Fazel Larijaniniň arasyndaky dawanyň ýazga geçirilendigini aýtdy. Fazel Eýranyň parlamentiniň başlygy Ali Larijaniniň doganydyr.

Ahmadinejadyň hödürlän audiosynyň hiliniň juda pesdigi sebäpli, onuň özi ýazgydaky edilen gürrüňleri okap berdi. Onuň sözlerinden çen tutulsa, Fazel Larijani Mortazawiniň alyp barýan bikanun diýilýän telekeçiliginiň üstüni ýapmak üçin, ondan para-peşgeş sorapdyr.

Ahmadinejad: “Ine, serediň, şu ýerde jenap Fazel Larijani jenap Morazawä” ‘Eger-de kimdir biri öz şertnamasyny gorajak bolýan bolsa, onda ol oňa kimiň arka çykýandygy barada çem gelen ýerde gürlemeli däldir’ diýýär”.

Larijani muňa jogap berip, Ahmadinejadyň özüniň syýasy ýaranlaryna garşy gozgalan derňew işlerini togtadandygyny aýtdy. Ol Ahmadinejadyň audio ýazgylary ulanyp, impiçment prosesine päsgel berjek bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ol prezidenti “mafiýa gelişýän” hereketleri etmekde, şeýle-de utanç-haýany ýitirenlikde aýyplady: “Umuman aýdylanda, seniň elmydama ‘Men muny aýdaryn, men muny aýdaryn’ diýmegiň gowy bir zat. Bu audio ýazgyny eşitdirmegiň bilen, adamlar seniň kimdigiňi has gowy tanarlar”.

Parlamentde edilen beýanatlar mejlisde garym-gatymlygy döretdi, ähli tarapdan gahar-gazaply çykyşlar edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG