Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeniň öldürilen şäherinde seýilgähi gurmak planlaşdyrylýar


Pakistanyň ýolbaşçylary Abbottabad şäherinde dynç alyş seýilgähini gurmagy planlaşdyrýarlar. Bu barada ýurduň resmileri habar berýär. Abbottabad şäherinde ABŞ-nyň harby güýçleri “Al-Kaýda” hereketiniň lideri Usame bin Ladini öldüripdiler.

Şol şäher ýurduň demirgazyk-günbatardaky Haýber Puhtunhwa welaýatynda ýerleşip, welaýatyň resmileriniň aýtmagyna görä, gurulmagy göz öňünde tutulýan seýilgähde haýwanat bagy, sport we suw desgalary bolar.

Maglumatlara görä, seýilgähiň gurluşygy bäş ýylyň dowamynda tamamlanar we onuň çykdajysy $30 milliona barabar bolar. Onuň gurluşygyny kimiň maliýeleşdirjegi häzirlikçe belli däl.

2011-nji ýylyň maý aýynda ABŞ-nyň ýörite harby topary Bin Ladeniň bolýan ýerini gabawa alyp, ony öldüripdi.
XS
SM
MD
LG