Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ahmadinejad ýurduň sud sistemasyny tankyt edýär


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad, özüniň ýakyn ýaranlarynyň biri, Tähranyň ozalky prokurory Saeed Mortazawiniň tussag edilmegi bilen, ýurduň sud sistemasyny tankyt etdi.

Ahmadinejed sişenbe güni özüniň web sahypasynda ýerleşdiren beýanatynda, munuň “juda aýylganç hereket” bolandygyny aýdýar.

Tähranyň prokuraturasy Mortazawiniň ýekşenbe güni tussag edilendigini tassyklady. Emma onuň haýsy aýyplamalar esasynda tussag edilendigi barada maglumat berilmedi.

Eýranyň habar serişdeleri Mortazawiniň Tähranyň Ewin türmesine äkidilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG