Sepleriň elýeterliligi

HRW özbek ymamanyň eksdradisiýa edilmezligine çagyrýar


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy Gyrgyzystanyň suduna ýüzlenip, ymam Khabibullo Sulaýmanowy Özbegistana ekstradisiýa etmezligine çagyryş etdi.

Asly özbegistanly ymam oktýabr aýynda, özbek tarapynyň haýyşy esasynda Gyrgyzystanda tussag edilipdi. Dekabrda Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy Sulaýmanowyň ekstradisiýa edilmelidigini aýtdy. Süleýmanowa öz ýurdunda dini ekstremizm bilen baglanşykly aýyplamalar ýöňkelýär.

Sulaýmanow prokuraturanyň çykaran kararyna şikaýat edip, Gyrgyzystandan gaçyp atalga sorady.

“Human Rights Watch” guramasynyň ýaýradan beýanatynda nygtalşy ýaly, ýöňkelýän aýyplamalara garamazdan Sulaýmanow yzyna ekstradisiýa edilip bilinmeýär, sebäbi ol ýerde Sulaýmanowyň gynymalara sezewar edilmek howpy bar.
XS
SM
MD
LG