Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwaly resmiler ak lentany goraýar


Orsýetli aýal maşynyň äpişgesinden ak lenta görkezýär.
Orsýetli aýal maşynyň äpişgesinden ak lenta görkezýär.
2011-nji ýylyň aýagynda Wladimir Putiniň dolandyryşyna garşy köpçülikleýin protestler geçirilip başlaly bäri, ak lenta oppozisiýanyň özgerişlige çagyryşynyň bir simwolyna öwrüldi. Bu simwol käbir moskwaly resmileriň hüjümine sezewar bolansoň, oppozisiýa 5-nji fewraly “Ak lenta” güni diýip jar etdi.

Sosial aktiwistler sişenbe gününi “Ak lenta” güni diýip atlandyrmak bilen, ýaşaýjylary azat saýlawlary talap etmegiň simwolyna öwrülen ak lentany dakynmaga çagyrdylar.

Feýsbuk sahypasyndaky çagyryş "Moskwanyň şäher geňeşi 2012-nji ýylyň 26-njy dekabrynda geçen sessiýasynda ak lenta dakynmagy gadagan edipdir" diýen myş-myş ýaýranyndan birnäçe hepde soň edildi. Emma bu gadaganlyk barada aýdylýan zatlar soň esassyz bolup çykdy.
Moskwada adamlar ak lenta galgadyp, oppozisiýa goldaw bildirýärler. 26-njy fewral, 2012 ý.
Moskwada adamlar ak lenta galgadyp, oppozisiýa goldaw bildirýärler. 26-njy fewral, 2012 ý.

Telegepleşik alyp baryjy Wladimir Pozner bolsa, hatda 3-nji fewralda, Birinji kanalda efire çykan gepleşiginde Moskwa medeniýet bölüminiň başlygy Sergeý Kapkowdan bu diýilýän gadaganlyk barada pikirini aýtmagyny hem sorady. Kapkow bu çäräniň protestçileri goramak üçin gerek bolandygyny aýtdy:

"Metroda, jemgyýetçilik transportunda barýan wagtyňyz şeýle lentajyk prowakasiýa hasaplanyp biler. Onsoň bizde eýýäm başga bir adamyň durmuşyna fiziki taýdan gatyşmagyň faktlary hem boldy" diýip, Kapkow aýtdy.

Kapkowyň bu düşündirişi aktiwistleriň arasynda howsala jaňlarynyň kakylmagyna sebäp boldy we Moskwanyň şäher dumasynyň başlygy Wladimr Platonow derhal beýle gadaganlygyň ýokdugyny, beýle kararyň kabul edilmändigini habar berdi.

2011-nji ýylyň dekabrynda Duma geçirilen saýlawlardan soň, on müňlerçe moskwaly, ak lenta dakynyp, köçelere çykypdy. Şol wagtky premýer-ministr Wladimir Putin, 2011-nji ýylyň 15-nji dekabrynda ilatyň soraglaryna jogap berende, bu lentalary ýaňsylap, şeýle diýipdi:

"Dogrusyny aýtsam, men ekranda käbir adamlaryň dakynan zatlaryny göremde, muny aýtmak o diýen gelşikli hem däl, emma her niçigem bolsa aýdaýyn, men ony SPID-e garşy göreş propagandasydyr öýtdüm. Ýagny, bagyşlaň welin, men olar prezerwatiw dakyndymyka diýdim."

Şondan bäri geçen 14 aý içinde oppozisiýa köp güýjüni ýitirdi we sosial media arkaly guralan “Ak lenta” kampaniýasyna diňe birnäçe ýüz adam goşuldy.

Bu çäräni gurnaýjy Ilýa Faýbisowiçiň Azatlyk radiosynyň ors gullugyna aýtmagyna görä, bu wakanyň täsirini ölçemek kyn bolar. Ýöne ol häkimiýetlere bir yşarat ibermegiň özüniň hem möhüm zatdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG