Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam pilotsyz uçarlaryň hüjümlerini ýerlikli diýip hasaplaýar


Sişenbe güni ABŞ-nyň prezident administrasiýasy “Al-Kaýdanyň” terrorçylary diýlip güman bildirilýän adamlary öldürmek maksady bilen pilotsyz uçarlar arkaly geçirilýän hüjümleri gorap, beýanat etdi.

Amerikan administrasiýasynyň bu beýanatynda hatda sud tarapyndan jenaýat aýyplamasy bildirilmedik amerikan raýatlarynyň-da şeýle hüjümlerde öldürilip bilinjekdigi öňe sürülýär.

Ak Tamyň metbugat sekretary Jeýms Karneý Obamanyň administrasiýasynyň bu baradaky garaýşyny beýan edip: “Şeýle hüjümler kanuny hüjümler, olar etiki we ýerlikli hüjümler” diýdi.

Bu wakanyň öňýany ABŞ-nyň Adalat ministrligi Birleşen Ştatlaryň bähbitlerine garşy ýakyn wagtlarda anyk bir hüjüm ediljekdigini görkezýän delilleriň ýok halatynda-da, terrorçylykda güman edilýän adamlaryň, şol sanda amerikan raýatlarynyň-da öldürilmegine ýokary derejeli amerikan resmileriniň görkezme berip biljekdiklerini tassyklaýan dokumenti jemgyýetçilige aýan etdi.

Bu dokumentiň tankytçylary Obamanyň administrasiýasyny bu meselede häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG