Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tunisde oppozision partiýanyň lideri atylyp öldürildi


Çarşenbe güni Tunisiň oppozision partiýasynyň lideri Çokri Belaýd ýurduň paýtagtynda öz öýüniň ýanynda atylyp öldürildi.

Onuň aýaly Tunisiň radiosyna beren interwýusynda öz adamsynyň näbelli adamlar tarapyndan iki ýerinden atylyp öldürilendigini mälim etdi.

Tunisiň Birleşen Demokratik Milli partiýasynyň lideri Çokri Belaýd hökümetde agdyklyk edýän “Ennahda” atly yslamçy partiýany ýiti tankytlap gelýän oppozision liderlerden biridi.

Şu geçen şenbe güni ol “Ennahda” partiýasy tarapyndan hakyna tutulan ýaragly adamlaryň öz partiýasynyň maslahatyna hüjüm edendiklerini mälim edipdi.

Ýöne oňa garşy edilen çarşenbe günki hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG