Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Garaşylýan gadaganlyk çilimkeşleri darykdyrýar


Sankt-Peterburgyň bir köçesinde çilim çekip duran adamlar. 24-nji ýanwar, 2013 ý.
Sankt-Peterburgyň bir köçesinde çilim çekip duran adamlar. 24-nji ýanwar, 2013 ý.
Moskwanyň “Belarusskiý” atly demirýol duralgasynyň golaýyndaky bir kafede nahar edinip oturan Denis Swidorow çilimini sorup, “eýse bu hem basym geçmişe öwrülermikä?” diýen pikir bilen töweregine göz aýlaýar.

20 ýyl bäri çilim çekip gelýän 35 ýaşly söwdagäriň ony indi goýasy gelenok. Ýöne gelýän aýlarda güýje girmegine garaşylýan berk kanun sebäpli ol içerde çilim çekmegi goýmaly bolsa gerek.

Swidorowyň pikiriçe, hökümet çagalaryň saglygyny temmäkiniň tüssesinden goramak üçin köpräk iş etmeli, ýöne häzir gürrüňi edilýän kanun gaty zorlukly.

"Bu ýerde ähli zat çalt bolmaly"

"Biz Orsýetde adaty ýol bilen kanun çykaryp bilemzok. Bu ýerde ähli zat çalt bolmaly. Bir göz aýlap görseňiz, açyk aýdýaryn, olar ähli zady duruzjaklar" diýip, Swidorow aýdýar.

Täze kanunyň düýpli özgerişler getirjekdigine şübhe ýok. By kanunda Orsýetde nirä barsaň tapylýan kiosklaryň çilim satmagyna çäklendirme girizmek, jemgyýetçilik binalarynda çilim çekmegi bütinleý gadagan etmek ýaly zatlar göz öňünde tutulýar.

Saglyk ekspertleri Orsýetde ýylda 400 müň töweregi adamyň çilim bilen baglanyşykly kesellerden ölýändigini aýdýarlar. Bu demografik krizisi ýeňip geçmek üçin diş-dyrnak göreşýän bir ýurt üçin agyr ýitgidir.

Çak edilişine görä, Orsýetde erkekleriň 60 prosenti, aýallaryň 22 prosenti, 13 ýaş bilen 15 ýaş aralygyndaky oglanlaryň hem dörtden biri çilim çekýär.
Sankt-Peterburgda bir restoranda çilim çekip oturan adam. 18-nji oktýabr, 2012 ý.
Sankt-Peterburgda bir restoranda çilim çekip oturan adam. 18-nji oktýabr, 2012 ý.

Nikolaý Gerasimenko Dumanyň jemgyýetçilik saglygy komissiýasynyň başlygynyň orunbasary. Ol ýaňy Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ors gullugyna beren interwýusynda bu kanun taslamasyny öwüp, onuň Orsýeti Bütindünýä saglyk guramasynyň 2008-nji ýylda gol çekilen ”Çilime garşy konwensiýasy” bilen sazlaşdyrjakdygyny aýtdy: "Bu kanun düýpli zerur zat. Sebäbi ol temmäkini ulanmagy azaltmaga, has möhümi, ýurdy temmäkiniň tüssesinden goramaga tarap ädilýän bir täze ädim".

Täze kanun iýun aýyndan başlap, tapgyrlaýyn güýje girer. Jemgyýetçilik binalarynda çilim çekmek geljek ýyl dolulygyna gadagan ediler.

Gadagançylyga garaýyşlar dürli-dürli

Ýöne bu gadagançylyk barada halkyň arasynda tapawutly pikirler bar. Swidorow ýaly çilimkeşler sagdyn ýaşaýyş usulyny ösdürmegiň deregine, gadagançylyga aşa köp bil baglanýar diýip pikir edýärler. Orslaryň köpçüligi bolsa giňden ýaýran çilimkeşligiň garşysyna bir çäre görülmeli diýen pikirde.

Orsýetde temmäki bazary Hytaýdan soň dünýäde iň düşewüntli bazar hasaplanýar. Bu bazarda edilýän gazanç ýylda 20 milliard dollara golaý.

Lobbiçilik boýunça ekspert, moskwaly Pawel Tolstyh prezident Wladimir Putin bilen premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň bu kanuny goldaýandyklaryny aýdýar: "Medwedew temmäki lobbisi güýçli, emma hökümet ondan has güýçli diýmek bilen, gaty dogry belledi. Açyk aýdýaryn, bu gep gaty dogry. Haýsydyr bir kanun Medwedewiň ýa Putiniň abraýyna bagly bolsa, onda onuň garşysyna hiç bir zat edip bolmaz".

Studentler köçede çilim çekip otyrlar. Moskwa, 16-njy oktýabr, 2012 ý.
Studentler köçede çilim çekip otyrlar. Moskwa, 16-njy oktýabr, 2012 ý.
Moskwanyň Belarusskiý demirýol duralgasynyň golaýyndaky kafede Swidorow ýaly çilimkeşleriň hemmesi bu kanuna garşy bolsa-da, 55 ýaşly çilimkeş Ýelena Iwanowa oňa garşy däl.

"Men indi garradym. Iň azyndan ýaşlarymyzyň sagat bolmagyny isleýärin. Ýaşlar bu kanuny ýerine ýetirseler, sagat galarlar" diýip, Iwanowa aýdýar.
XS
SM
MD
LG