Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmençe bilýän amerikaly


Silas Dean, türkmençe geplemegi öwrenen amerikaly.
Silas Dean, türkmençe geplemegi öwrenen amerikaly.
Türkmen dilini öwrenmek isleýän, ylaýta-da öwrenen amerikala duş gelmek gaty seýrek duş gelýän waka. Amerikaly Silas Dean şeýle seýrek adamlaryň biri. Ol "Parahatçylyk korpusynda” işlän döwri Türkmenistanda üç ýarym ýyla golaý ýaşap, türkmen dilini ene dili ýaly bolmasa-da, belli bir derejede öwrenipdir.

Azatlyk Radiosy Deaniň türkmen dilini öwrenmeginiň sebäbi, bu işiň hötdesinden nädip gelendigi, şeýle hem onuň Türkmenistan baradaky ýatlamalary bilen gyzyklanyp, onuň bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Dean, siziň ýaly türkmen dilinde gürleýän amerikalylar seýrek bolsa gerek. Türkmen dilinde ilkinji öwrenen sözüňiz ýadyňyza düşýärmi?

Dean: Meniň ilkinji öwrenen sözüm “salam” [diýen sözmükä] öýdýän. Men ilkinji gezek türkmen dilini 2001-nji ýylda Türkmenistanda iki ýyl ”Parahatçylyk korpusynda” işlän döwrüm öwrenip başlapdym.

Azatlyk Radiosy: Dean, türkmen dilini näme sebäpden öwrenip başlapdyňyz?

Dean: Men Türkmenistanda ýaşap, ol ýerde iňlis dili mugallymy bolup işlemelidim. Türkmenistanda, türkmen şäherçesinde ýaşamalydym, şol sebäpden türkmen dilini höwes bilen öwrendim. Ondan başga-da, Amerikada diller fakultetlerinde Orta Aziýanyň dilleri tanyş däl. Mysal üçin, biziň uniwersitetlerimizde Orta Aziýanyň fakultetleri az, Orta Aziýanyň dillerini öwredýän fakultetlerem az, şonuň üçin Amerikada bu dil hem gerek.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda jemi näçe ýyl ýaşadyňyz we haýsy şäherde ýaşadyňyz?

Dean: Göwnüme bolmasa, Türkmenistanda üç ýarym ýyl töweregi ýaşadym. Men Aşgabatda hem ýaşadym, soňra Tejeniň golaýynda hem iki ýyl töweregi ýaşadym.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ýaşan döwrüňiz ol ýerdäki ýaşlar bilen dostlaşansyňyz. Olar bilen häzir hem aragatnaşyk saklaýarsyňyzmy?

Dean: Hawa, käwagtlar. Öň internet elýeterli bolmadyk bolsa, bu günler biz internet arkaly habarlaşyp bilýäris. Mysal üçin, skypeden ýa-da sosial ulgamlaryndan Facebookda gepleşýäris. Käwagtlar telefony hem ulanýarys.

Azatlyk Radiosy: Dean, umuman aýdylanda, türkmen ýaşlary sizde nähili täsir galdyrdy?

Dean: Myhmansöýerlik barada köp öwrendim. Sebäbi türkmen ýaşlaram, ýaşulularam myhmana uly hormat goýýarlar we men mundan görelde aldym. Ondan başga-da, türkmenlerden sabyrlylygyň we dostlugyň täsirini öwrendim.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, türkmenistanly ýaşlar amerikaly ýaşlardan nähili tapawutlanýar?

Silas Dean gawun baýramçylgynda.
Silas Dean gawun baýramçylgynda.
Dean: Bu gowy sorag. Meniň pikirimçe, türkmen ýaşlary üçin iň esasy zat maşgala. Elbetde, Amerikada biziň hem maşgalalarymyz bar, emma türkmenlerde maşgala iň birinji orunda. Türkmen ýaşlary hemişe ejeleri we kakalary bilen gepleşýärler, bir işe başlamankalar olardan rugsat alýarlar.

Ýöne Amerikada biziň ýaşlarymyz örän garaşsyz ýaşamaly. Mysal üçin, biziň ýaşlarymyz on sekiz ýaşyndan soň iň bolmanda uniwersitete gidýärler, daşaryk çykýarlar, başga ýerde ýaşaýarlar. Olar bir ýerde işlemeli, umuman, garaşsyz ýaşaýşy ýaşamaly. Türkmenistanda bolsa ýaşlar mydama ýaşulularyň ýanynda ýaşaýarlar we olara hormat goýýarlar. Meniň pikirmçe, bu gowy zat.

Azatlyk Radiosy: Dean, Türkmenistan barada nähili ýatlamalaryňyz bar?

Dean: Meniň Türkmenistan [barada] gowy ýatlamalarym köp. Mysal üçin, tomsuň iň yssy günlerinde gawun, garpyz iýýärdik, myhmaçylyklardan, şeýle hem adamlaryň gapylary mydama açyklygy barada gowy ýatlamalar bar.
XS
SM
MD
LG