Sepleriň elýeterliligi

logo-print

HRW Orsýetiň Olimpiada gurluşyklaryndaky ezişi tankytlaýar


Migrant işçiler Soçiniň golaýyndaky Olimpiada gurluşyk meýdanynda. 28-nji dekabr, 2009 ý.

Migrant işçiler Soçiniň golaýyndaky Olimpiada gurluşyk meýdanynda. 28-nji dekabr, 2009 ý.

Adam hukuklaryny goraýan gurama Human Rights Watch (HRW) gyşky Olimpiada oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Soçidäki gurluşyk işlerinde migrant işçileriň ezilýändigini aýdýar.

Bu guramanyň "Düýbüne çenli ýaryş: Orsýetiň 2014-nji ýylda Soçide geçmeli gyşky Olimpiada oýunlarynyň öňüsyrasynda migrant işçileriň ezilişi" atly hasabatynda käbir telekeçileriň işçileri aldap, olaryň aýlyk hakyny tölemändigi, olardan 12 sagatlyk iş talap edendigi, bu agyr işde galmaga mejbur etmek üçin işçileriň pasportlaryny konfiskasiýa edendigi aýdylýar.

HRW guramasynyň Moskwadaky barlagçysy Ýulia Gorbunowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu hasabat Soçide Olimpiada we beýleki gurluşyk işleri üçin işe alnan 67 sany ermenistanly, orta aziýaly, serbiýaly we ukrainaly migrantlar bilen geçirilen interwýu esasynda taýýarlanypdyr.

Kemsitmeler we ezişler

"Biz Olimpiada üçin göz öňünde tutulan esasy ýerleriň gurluşygy üçin işe alnan bu işçileriň kemsidilmelerden, ezilmelerden ejir çekendigini ýüze çykardyk. Bu kemsidilmeler we ezilmeler aýlyk haklarynyň tölenmezligi, aýlyk haklaryň aşa gijikdirilmegi, ýokary iş sagatlary, zähmet kontraktlarynyň üpjün edilmezligi, ýaramaz iş şertleri ýaly zatlary öz içine alýar" diýip, Gorbunowa aýdýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, işçiler adamdan hyryn-dykyn doly jaýlarda ýaşapdyrlar. Olara ýeterlik iýmit berilmändir. Käbir halatlarda bolsa aýlyk haklary tölenmändir.

Bir işçi HRW hukuk guramasyna özüniň bir maşgala üçin göz öňünde tutulan jaýda 200 töweregi işçi bilen ýaşamaly bolandygyny aýdypdyr.

Täjigistanly migrant işçi Farruh Mirow migrantlaryň şäherde kömekçi kontraktçylaryň mekirliginiň pidasy bolandygyny, ýagny dellallaryň "çet ýurtly işçileriň Orsýetdäki düzgünlere ýetik däldiginden peýdalanandygny" aýdýar:

"Düzgünleri bilmeýändikleri üçin migrant işçileriň käbiri dellallara, kömekçi kontraktçylara ýüz tutýarlar. Iş kontraktlary barada hiç bir zat bilmeýän köp migrant bar. Dellallaryň olary Olimpiada üçin gurluşyk barýan ýerlere getirip, işlerine hak tölemegi wada eden halatlary boldy. Ýöne birnäçe aý işlänlerinden soň, aýlyk tölenmedi. Olar özlerini Soçä işe getiren dellallary tapyp hem bilmediler".

HRW köp migrantlaryň ors dilini çäkli bilýändiklerini, Orsýetiň graždan jemgyýeti ýa özlerine kömek etjek beýleki çeşmeler bilen gatnaşyklarynyň çäklidigini belleýär.

Hukuk guramansynyň aýtmagyna görä, öz tölenmedik hakyny soran ýa kemsidilmelere protest bildiren işçilerden öç almak üçin käbir telekeçiler olar barada häkimiýetlere habar beripdir, netijede bu işçiler Orsýetden çykarylypdyr.

Häkimiýetler ezişiň öňüni almaly

HRW ors häkimiýetlerini we Halkara Olimpiada komitetini migrant işçileriň ezilmeginiň öňüni almak üçin çäre görmäge çagyrdy.

Ýulia Gorbunowa ors häkimiýetlerini "migrant işçileriň Orsýetde öz statuslaryny kanunlaşdyrmaklarynyň öňüni bökdeýän päsgelçilikleri aýyrmaga çagyrdy: "Migrant işçilere elýeterli netijeli şikaýat mehanizmi bolmaly. Bu olaryň kontrakt statusyna ýa migrasiýa statusyna bagly bolmaly däl".

HRW Halkara Olimpiada komitetini-de, adam mertebesiniň hormatlanyp, işçileriň ezilmeginiň bes edilmegi üçin, Orsýet häkimiýetlerine berk beýanat bilen ýüz tutmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG