Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň bilim ministri edebi ogurlykda aýyplanylýar


Germaniýanyň bilim ministri Annette Şawan öz doktorlyk dissertasiýasyny Dýusseldorf uniwersitetiniň edebi ogurlyk diýip atlandyryp, onuň güýjüni ýatyrandygyna garamazdan, öz wezipesinden çekilmek planynyň ýokdugyny aýtdy.

Çarşenbe güni bu barada eden çykyşynda hanym Şawan Dýusseldorf şäheriniň Genrih Geýne adyndaky uniwersitetiniň bu barada çykaran karary bilen ylalaşmaýandygyny we muňa garşy kanuny ýollar arkaly göreşjekdigini nygtady.

Germaniýanyň bilim ministri 1980-nji ýylda “Halk we wyždan” diýen at bilen goran doktorlyk dissertasiýasynyň köp böleginde çeşmeleri görkezmezden beýleki ylmy işlerden göçürilen tekstleri ulanandygy barada bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

2011-nji ýylda Germaniýanyň şol wagtky goranmak ministri Karl-Teodor Güttenberg hem şular ýaly plagýat aýyplamasynyň netijesinde wezipesinden çekilipdi.
XS
SM
MD
LG