Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: Protestde aýyplanyp, birnäçe adam tussag edildi


Çarşenbe güni Azerbaýjanyň häkimiýetleri Ismaýilli raýon merkezinde 23-nji ýanwarda gurnalan protest çykyşlary bilen baglanyşykly bu raýonyň Haçihasanly obasynyň alty sany ýaşaýjysyny tussag etdiler.

Ismaýilli raýonynyň häkimiýetleri bu wakalar bilen baglanyşykly şu günki güne çenli jemi 14 adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.

Maglumata görä, bu tussag edilenlere polisiýanyň talaplaryna boýun egmezlikde hem-de hususy emläklere zyýan ýetirmekde aýyplama bildirilýär.

23-nji ýanwarda Azerbaýjanyň bu raýon merkezinde müňlerçe adam demonstrasiýa geçirip, raýon häkiminiň wezipesinden çekilmegini talap etdiler. Protestçiler bu wakada häkimiň jaýyny, bir ýerli myhmanhanany we birnäçe maşyny ýakdylar.
XS
SM
MD
LG