Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýanyň we Kosowanyň prezidentleri Brýusselde duşuşýarlar


Çarşenbe güni Serbiýanyň we Kosowanyň prezidentleri Kosowanyň 2008-nji ýylda öz garaşsyzlygyny yglan edeli bäri ilkinji gezek Brýusselde özara duşuşyk geçirýärler.

Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç bilen Kowowanyň prezidenti Atifete Jahjaganyň bu duşuşygy Ýewropa Bileleşiginiň araçyllyk etmeginde geçirilýär.

Serbiýa şu çaka çenli Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmekden ýüz öwrüp gelýär.

Emma, şeýle-de bolsa, Ýewropa Bileleşigine agza bolmak isleýän Serbiýanyň häkimiýetleri Bileleşigiň araçyllyk etmeginde özara gatnaşyklary kadalaşdyrmak meselesi boýunça gepleşikleriň geçirilmegine öz razylyklaryny berdiler.

Şu günki güne çenli dünýäniň 100-e golaý ýurdy, şol sanda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň-da aglabasy Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etdiler.
XS
SM
MD
LG