Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň ozalky premýer-ministri Kiýewde tussag edildi


Täjigistanyň ozalky premýer-ministri Abdumalik Abdullojonow Kiýewiň “Borispol” aeroportunda halkara Interpol gullugynyň karary esasynda tussag edildi.

Interpol gullugynyň Ukrainadaky bölüminiň bir resmisi Abdullojonowyň sişenbe güni Birleşen Ştatlardan Kiýewe gelip düşende tussag edilendigini tassyklady.

Täjigistanyň häkimiýetleri oňa 1996-njy ýylda prezident Emomali Rahmonyň janyna kast etmek synanyşygyna dahyllylykda aýyplama bildirýärler.

Mundan daşary, ýurduň ozalky premýer-ministri Abdumalik Abdullojonowa 1998-nji ýylda Täjigistanyň Sogd oblastynda gurnalan ýaragly hüjümlere ýardam bermekde, guramaçylykly jenaýatçylykda we terrorizme dahyllylykda-da aýyplamalar bildirilýär.

Geçen ýylyň noýabrynda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda ol 1994-nji ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda dalaşgär hökmünde özüniň Emomali Rahmondan üstün çykandygyny, emma Emomali Rahmonyň saýlawlaryň netijesini galplaşdyrandygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG