Sepleriň elýeterliligi

Tunisiň premýer-ministri hökümetiň dargadyljagyny aýdýar


Penşenbe güni Tunisiň premýer-ministri Hamadi Jebali bu ýurduň oppozisiýa lideriniň öldürilmeginiň yzy bilen hökümeti dargatmakçydygyny mälim etdi.

Bu barada eden çykyşynda ol ýurtda mümkin boldugyça ýakyn wagtlarda saýlawlar geçirilýänçä, tehnokrat syýasatçylardan ybarat wagtlaýyn täze hökümetiň düzüljekdigini aýtdy.

Bu wakadan bir gün öň Tunisiň paýtagtynda oppozision Birleşen Demokratik Milli partiýasynyň lideri Çokri Belaýd atylyp öldürildi. Onuň janyna kast edilmegi paýtagt Tunisde we ençeme beýleki şäherlerde köpçülikleýin protest çykyşlarynyň möwç almagyna sebäp boldy.

Çokri Belaýd hökümetde agdyklyk edýän “Ennahda” atly yslamçy partiýany ýiti tankytlap gelýän oppozision liderlerden biridi. Oňa garşy edilen hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG