Sepleriň elýeterliligi

BMG Owganystanda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny aýdýar


Birleşen Milletler Guramasy özüniň penşenbe günki ýaýradan hasabatynda geçen ýyl Owganystanyň ilatynyň tutuş ýarsynyň hökümet çinowniklerine para berendiklerini aýdýar.

Bu hasabatda Owganystanda 2009-njy ýyldan bäri geçen döwrüň içinde korrupsiýanyň 40 prosent artandygy we para görnüşinde tölenen pullaryň 3.9 milliard dollara ýetendigi aýdylýar.

Bu hasabat BMG-niň Neşelere we jenaýatçylyklara garşy göreş edarasy hem-de Owganystanyň hökümetiniň korrupsiýa garşy göreş edarasy tarapyndan taýýarlanylypdyr.

Hasabatda Owganystanyň raýatlarynyň 2012-nji ýylda para görnüşinde töläp pullarynyň bu ýurduň içerki girdejisiniň iki essesine golaýdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG