Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gyzy Latifanyň üstünlikleri


Latifa Azizi "Owgan ýyldyzy" bäsleşiginde aýdym aýdýar. 2013 ý.
Latifa Azizi "Owgan ýyldyzy" bäsleşiginde aýdym aýdýar. 2013 ý.
Latifa Azizi - uly gara gözli, ak ýüzli, mylaýym ýylgyryşly bir gyz. Ol Owganystanda ýaşaýan turkmen gyzy. Ol Owganystanyň “Tolo” telekanalynda goýberilýän “Afghan Star” ("Owgan ýyldyzy") atly aýdym-saz bäsleşiginde çykyş edýän ilkinji türkmen gyzydyr.

17 ýaşly Latifa Azizi, müňlerçe dalaşgäriň arasyndan saýlanyp, ilki bu bäsleşikde iň öňdäki 12-ligiň arasyna düşen bolsa, soňra ol has hem uly üstünlik gazanyp, ýaryşyň jemleýji final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanan alty sany aýdymçynyň biri bolmagy başardy.

Häzirki wagtda Kabulda ýaşaýan Latifanyň aýdym-saza bolan höwesi çagalyk ýyllaryndan başlanypdyr. Latifanyň daýzasynyň ogly Hudaýberdi, Latifanyň ýaşlykdan mawy ekrana çykmagy hem-de wideokliba düşmegi arzuw edendigini gürrüň berýär.

Wideo: Latifa haýbatlar atylýar

Türkmen gyzy Latifa haýbat atyldy (türkmençe)
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:30 0:00

Hudaýberdi: “Men öýlerine baran wagtym, [Latifa] köp aýdymlara hiňlenýärdi. Men ondan 'Näme aýdym-saza höwesiň barmy?' diýip soraýardym. Ol hem maňa 'Bir sapar telewizora çykyp aýdym aýdyp bilsem, wideokliba düşüp, meşhur bolup bilsem, soň şol klipleri dostlaryma goýup bersem' diýerdi. Latifa hemişe aýdym diňleýärdi, radiodan diňleýärdi, her dürli aýdymlary diňleýärdi”.

"Türkmen dilini tanatmak isleýär"

Hudaýberdiniň aýtmagyna görä, Latifa dari, puştun, özbek dillerinde aýdym diňleýär we aýratynda hindi aýdymlaryna hiňlenmegi gowy görýär. Hudaýberdi, Latifanyň türkmen dilinde aýdym aýdyp, öz dilini, milletini dünýä tanatmagy arzuw edýändigini aýdýar.

Hudaýberdiniň aýdyşy ýaly, Latifa “Afghan Star” bäsleşiginde üstünlik gazanyp, gelejekde hem türkmen dilini we milletini tanatmagy arzuw edýär. Latifa bu arzuwlaryny şu wagtdan amala aşyrmaga başlana meňzeýär.

Muny aýtmagymyň sebäbi bäsleşigiň dowamynda Latifa türkmen milli egin-eşiginde, ýagny keşdeli ýakaly türkmen köýneginde, türkmen donunda we türkmen tahýasyny geýip, Owganystanyň dari dilinde alnyp barylýan bäsleşiginde ilkinji gezek türkmen dilinde aýdym aýtdy.

Latifa türkmen aýdymyny ýerine ýetirende, zalda oturan tomaşaçylar, ony goldap uly şowhun bilen çapak çaldylar. Latifa häzirki wagtda bäsleşikde öz çykyşlaryny uly üstünlik bilen dowam edýär.

Latifanyň bu üstünligi onuň tarapdarlaryny begendirse-de, käbir konserwatiw, aşa dinçi toparlaryň gaharyny getiripdir. Netijede, bu zehinli türkmen gyzyna häzirki döwürde ölüm gorkusy bilen haýbat atylýar.
XS
SM
MD
LG