Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alyýew: 'Trans-Hazar geçirijisi barada sorag kän'


Türkmenistan, Kaspi deňziniň kenarynda gurlan täze gaz geçirijisi. 10-njy awgust, 2010 ý.
Türkmenistan, Kaspi deňziniň kenarynda gurlan täze gaz geçirijisi. 10-njy awgust, 2010 ý.
Azerbaýjanyň senagat we energetika ministri ministri Natig Alyýew Trans-Hazar gaz proýektini durmuşa geçirmegiň, tutuşlygyna alanyňda, örän çylşyrymly meseledigini aýdýar.

“Interfaks-Azerbaýjan” habar gullugy ministr Alyýewiň aýdan sözlerine salgylanyp, häzir bu taslamany amala aşyrmagyň 1-2 milliard amerkian dollary möçberinde serişde talap etjegini ýazýar.

Emma Natig Alyýew häzir Trans-Hazar geçirijisini gurmagyň näçe pula düşjegi hakynda anyk bir zat aýtmagyň aňsat däldigini hem sözüniň üstüne goşupdyr.

“Mysal üçin, 1998-nji ýylyň hasaplamalaryna görä, bu gaz geçirijisini Türkiýäniň serhedine çenli gurmak 3 milliard amerikan dollaryna düşmeli. Emma men häzir Kaspi deňziniň düýbünden çekilmeli geçiriji 1-2 milliard dollar serişde alar öýdýärin” diýip, Alyýew öz çaklamasyny öňe sürüpdir.

Iki dokument taýýarlanýar

Şeýle-de Alyýew häzir bu mesele boýunça yzygider duşuşyklaryň geçirilýändigini we ol duşuşyklarda esasan iki sany dokumenti işläp düzmek barada maslahat edilýändigini aýdypdyr.

Ol dokumentleriň birinjisi, berilýän maglumata görä, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň bu proýekti amala aşyrmaga bermeli goldawy hem-de Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurulmagynyň ähmiýeti baradaky syýasy dokument bolup durýar. Ikinji dokument bolsa, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça baglaşylmaly döwletara ylalaşyk barada.

Ministr Alyýewiň “Interfaks-Azerbaýjan” habar gullugyna aýtmagyna görä, ikinji dokument eýýäm taýýar, ýöne onuň türkmen tarapyndan anyklaşdyrylmaly we çözgüt talap edýän birnäçe aspekti bar. Hususan-da ol Türkmenistanyň bu gaz geçirijisini ýylda 30 milliard kub metr gaz bilen üpjün etmäge razylyk berendigini, ýöne resmi Aşgabadyň bu gazy Ýewropa Bileleşigine diňe öz serhedinde bermek şertini goýýandygyny aýdýar.

Sorag döredýän meseleler

Azeri ministri bu ýagdaýyň “Türkmen gazyny geçirmek üçin geçirijini kim gurar, onuň gurluşygyny kim maliýeleşdirer, türkmen gazyny Azerbaýjana kim getirer, haýsy kompaniýa ol gazy satyn alar we Azerbaýjanyň üstünden Ýewropa aşyrar?” diýen ýaly bir topar sorag döredýändigini hem belläpdir.

Senagat we energetika ministrliginiň baştutany Azerbaýjanyň türkmen gazyny öz topragynyň üstünden doly möçberinde geçirmäge taýýardygyny hem tassyk edipdir.

“Eger-de bu proýektiň kommersiýa amatlylygy tassyk bolsa, Azerbaýjan onuň maliýeleşdirilmegine hem gatnaşyp biler, emma biz onuň gurluşygyny öz üstümize alyp bilmeris. Bu meselde, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanmasy bolmaly” diýip, Natig Alyýew aýdypdyr.

Ýewropa Bileleşiginiň geňeşi ÝB-niň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça gepleşik geçirilmegine 2011-nji ýylyň sentýabrynda ygtyýar beripdi.

300 kilometrdan hem uzak aralyga çekilmeli Trans-Hazar geçirijisi, plan boýunça, Kaspi deňziniň türkmen kenaryndan Azerbaýjan kenaryna gelmeli we “Günorta gaz koridoryna” birikmeli.
XS
SM
MD
LG