Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanly žurnalistleriň bir topary piket geçirdiler


Penşenbe güni Gazagystanyň oppozision “Golos Respubliki” atly rus dilli gazetiniň žurnalistleri Almaty şäher sudunyň binasynyň öňünde protest çäresini geçirdiler.

Olar bu ýurtdaky garaşsyz media görkezilýän basyşlara, şeýle hem bu gazetiň baş redaktorynyň sud jogapkärçiligine çekilmegine garşy şygarlar bilen çykyş etdiler.

Penşenbe güni bu “Golos Respubliki” gazetiniň baş redaktory Tatýana Trubaçewa bildirilýän jenaýat aýyplamasy boýunça şäher sudunda sud diňlenişigi geçiriler diýlip garaşylýar.

Geçen ýylyň dekabrynda Gazagystanyň häkimiýetleri ençeme beýleki gazetler bilen birlikde “Golos Respubliki” gazetini-de ekstremistik mazmunly materiallary çap etmekda aýyplap, olaryň ýapylmagy barada karar çykarypdylar.

Ýurduň organlary Tatýana Trubaçewany şu girizilen gadagançylygyň düzgünlerini bozmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG