Sepleriň elýeterliligi

Baku: HRW we ABŞ-nyň ilçihanasy tussag edişliklere aladalanýar


Penşenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy we Bakudaky amerikan ilçihanasy Azerbaýjanyň iki sany oppozisiýa lideriniň tussag edilmegine alada bildirip, beýanat ýaýratdylar.

Şu hepdäniň duşenbe güni Azerbaýjanyň oppozision “Musawat” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Tofik Ýakublu bilen oppozision REAL hereketiniň başlygy Ilkar Mammedow köpçülikleýin bulagaýçylyklary gurnamakda aýyplanyp, tussag edildiler.

Olara garşy bu aýyplamalar 23-nji ýanwarda Azerbaýjanyň Ismaýilli raýon merkezinde gurnalan protest çykyşlary bilen baglanyşykly bildirildi.

“Human Rights Watch” guramasy öz beýanatynda ýanwar aýynda gurnalan bu protest çykyşlary bilen bagly wakany bahanalap Azerbaýjanyň hökümetiniň indi bu iki oppozisiýa liderini jezalandyrmagynyň mümkindigini belläp, muňa alada bildiripdir.
XS
SM
MD
LG