Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ruhy lideri ABŞ bilen gepleşiklere garşy çykýar


Aýatolla Ali Hameneýi Eýranyň harby howa güýçleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde çykyş edýär. Tähran, 7-nji fewral, 2013.

Aýatolla Ali Hameneýi Eýranyň harby howa güýçleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde çykyş edýär. Tähran, 7-nji fewral, 2013.

Penşenbe güni Eýranyň Baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi ABŞ-nyň wise-prezidenti Josef Baýdeniň Eýran bilen göni gepleşik geçirmek baradaky teklibini ret etdi.

Eýranyň harby howa güýçleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde eden bu baradaky çykyşynda Aýatolla Ali Hameneýi Amerika bilen göni gepleşikleriň “hiç hili meseläni çözmejekdigini” aýtdy.

Ol: “Amerikalylar Eýrana garşy ýarag çenemek bilen bir wagtda gepleşik geçirmek isleýärler” diýip, öz nägileligini bildirdi.

Geçen hepde ABŞ-nyň wise-prezidenti Josef Baýden Germaniýanyň Mýunhen şäherinde howpsuzlyk meselesi boýunça geçirilen halkara konferensiýasynda eden çykyşynda Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly meseleler boýunça Waşingtonyň Tähran bilen göni gepleşikleri-de geçirip biljekdigini belläpdi.
XS
SM
MD
LG