Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokio Orsýetiň serhet bozandygyny aýdýar, Moskwa ret edýär


Orsýetiň "SU-27" söweş uçary ýapon howa giňişligine aralaşýar. 7-nji fewral, 2013 ý.
Orsýetiň "SU-27" söweş uçary ýapon howa giňişligine aralaşýar. 7-nji fewral, 2013 ý.
Ýaponiýa Orsýetiň iki sany söweş uçarynyň penşenbe güni ýapon howa serhetlerini bozandygyny aýdýar.

Bu waka premýer-ministr Şinzo Abe Orsýet bilen aradaky territorial dawalary “özara kabul ederlikli çözgüt” esasynda çözmegiň tarapynda durýandygyny aýdanyndan birnäçe sagat soň bolupdyr.

Ýaponiýanyň Goranmak ministrligi rus uçarlary Hokkaýda adasynyň demirgazyk kenarynda bir minut çemesi görenenden soň, ýapon uçarlarynyň gaýtawul bermäge taýýar edilendigini aýtdy.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi Moskwa formal protest notasyny hem ýollady.

Orsýet serhet bozanyny ret edýär

Orsýet harbylarynyň sözçüsi Aleksandr Gordeýew “Interfaks” habar gullugyna eden beýanatynda Ýaponiýanyň bu aýdýan zadyny inkär etdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüzsi Aleksandr Lukaşewiç bu barada Moskwada bolan brifiňde şeýle diýdi:

“Ýuwaş okean flotunyň deňiz awiasiýasynyň bu sebitdäki, ýagny Ýaponiýa bilen araçäkleşýän regiondaky uçuşlary yzygider ýagdaýda, howa giňişligini ulanmak boýunça halkara düzgünlerine berk laýyklykda, başga döwletiň serhedini bozmadan amala aşyrylýar.”

Premýer-ministr Şinzo Abe penşenbe güni irden özüniň "Demirgazyk territoriýalar baradaky dawany çözüp, Orsýet bilen parahatçylyk şertnamasyna gol çekme üçin" ähli zady etmäge taýýardygyny aýtdy.

Günorta Kurile, ýagny Sowet Soýuzynyň Ikinji Jahan Urşunyň soňky günlerinde Ýaponiýadan basyp alan adalar toparyna Ýaponiýada “Demirgazyk territoriýalar” diýilýär. Moskwa bu adalary basyp alanyndan soň, ol ýerleriň ýapon ilatyny kowup, olaryň ýerine ors raýatlaryny göçürip getirdi.

Orsýet bilen Ýaponiýa Ikinji Jahan Urşunyň duşmançylyklaryny formal taýdan soňlaýan parahatçylyk şertnamasyna gol çekmedi.

Abe şertnama baglaşylar diýýär

Abe Tokioda, 200 çemesi adamyň, ozal şol adalarda ýaşan ilatyň we olaryň nesilleriniň öňünde çykyş edip, şeýle şertnamanyň ahyr netijede baglaşylyp bilinjegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

"Biz dört sany demirgazyk adasynyň eýeçilik meselesini çözmek we Orsýet bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak maksadyny tutýan gepleşikleri dowam etdirýäris. Şu esasda, men Orsýet bilen gatnaşyklarymyzy ilerlederis we ahyr netijede Demirgazyk territoriýalar baradaky dawany çözeris diýip umyt edýärin."

Abe öz pozisiýasyny dekabr aýynda, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen eden telefon gürrüňinde hem aýdandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG