Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şaban: 'Türkmenistan jogapkärçiligi alasy gelmeýär'


Angara derýasynyň boýunda gazgeçiriji çekilýär. Orsýet, 2007 ý.
Angara derýasynyň boýunda gazgeçiriji çekilýär. Orsýet, 2007 ý.
Azerbaýjanyň senagat we energetika ministri Natig Alyýew Trans-Hazar gazgeçirijiniň gurluşygy boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda baglaşylmaly döwletara ylalaşygyň taýýardygyny, emma türkmen tarapyndan anyklaşdyrylmaly we çözgüt talap edýän birnäçe aspektiň bardygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýokarda agzalan meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Azerbaýjanyň Nebit barlaglary merkeziniň başlygy Ylham Şaban bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Bilşiňiz ýaly, Azerbaýjanyň senagat we energetika ministri Natik Alyýew çykyş edip, Trans-Hazar gazgeçirijisi boýunça iki sany ylalaşygyň gol goýulmaga taýyndygyny tassyklady. Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz?

Ylham Şaban: Hawa, Natik Alyýewiň agzap geçen resminamalarynyň taýýarlanmagyna bir ýyl gowrak wagt gerek boldy. Sebäbi Natik ilkinji gezek bu şertnamalar barada 2012-nji ýylyň 26-njy fewralynda aýdypdy. Şol wagt ol [Natik Alyýew] bu resminamalara iýuna çenli gol goýulmagyna garaşylýandygyny aýdypdy.

Ylham Şaban
Ylham Şaban
Emma 2012-nji ýylyň dowamynda bulara gol goýulmandy. Netijede ara bir ýyl çemesi wagt düşenden soň, Azerbaýjanyň senagat we energetika ministri bu barada käbir kommentarileri berdi.

Ýagny, ol Türkmenistanyň türkmen-azeri ikitaraplaýyn hökümatara ylalaşygyna çemeleşişi bilen, bu proýektiň iş ýüzünde amala aşmazlygynyň mümkindigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen tarapy bu şertnama nähili çemeleşýär? Şeýle-de haýsy sebäplere görä bu proýekt amala aşmaz?

Ylham Şaban: 2011-nji ýylyň oktýabryndan bäri Ýewropa Bileleşigi, Türkmenistan we Azerbaýjan alty gezek tapgyrlaýyn gepleşikleri geçirdiler. Sol gepleşikleriň dowamynda, gürrüňi edilýän şertnamalaryň üstünde işlenilip, olar taýyn edildi. Emma şol duşuşyklarda gutarnykly netijä gelmek başartmady.

Syýasy resminama barada aýdylanda, bärde ähli zat düşnükli, bu hiç zady çözmeýär. Emma hökümetara ylalaşyk, Trans-Hazar gazgeçirijisiniň gurlup başlanmagyna ýol açyp bilerdi.

Bu ylalaşyga görä, iki tarapyň hem öz üstüne alýan jogapkärçilikleri kesgitlenilýär. Azerbaýjan garaşsyzlygyny alanyndan soň bu ugurda, ýagny regional gazgeçirijileri gurmak boýunça belli bir tejribäni gazandy.

Bular ýaly ýagdaýlarda hökmany hökümetara ylalaşyklary baglaşylaýmaly. Ylalaşyga görä, gazgeçiriji haýsy tarapyň territoriýasyndan geçýän bolsa, onda şol döwlet ekologiýa, howpsuzlyk we gazyň ylalaşylan möçberiniň akdyrylmagy ýaly meseleler boýunça jogapkärçiligi öz üstüne alýar. Eger-de boýun alnan borçlar ýerine ýetirilmese, munuň öwezine kompensasiýalar talap edilip bilner.

Emma Türkmenistanyň beýle jogapkärçiligi öz üstüne alasy gelmeýär. Ol öňki tejribäni dowam etdirmegi isleýär. Ýagny, Türkmenistan jogapkärçiligi özüniň geografiki serhetlerine çenli çekýär.

Muňa Türkmenistanyň Eýran, Orsýet we Hytaý ýaly döwletler bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy güwä geçýär. Gysgaça aýdylanda, şu çaka çenli Türkmenistan gazy özüniň gury ýer serhetlerinde alyja tabşyrýar we şonuň bilen hem onuň jogapkärçiligi tamamlanýar.

Trans-Hazar meselesi boýunça hem Türkmenistan özüniň ýuridiki borçnamalaryny we akdyrylmaly gazyň mukdarynyň ähli jogapkärçiligini öz gury ýer serhetlerinde Ýewropa Bileleşigine tabşyrmakçy bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanyň bu ugurda şeýle pozisiýany eýelemeginiň näme sebäbi bolup biler?

Ylham Şaban: Häzirki wagtda Türkmenistan gazyny üç tarap boýunça akdyryp, ol eýýäm öňden bäri özüniň gaz eksportyny diwersifikasiýa etdi. Ýagny, Aşgabat indi öňküsi ýaly diňe bir alyja garaşly däl.

Üstesine-de dördünji ugur, ýagny Trans-owgan proýekti boýunça hem gepleşikler alnyp barylýar. Eger-de bu hem amala aşsa, onda Türkmenistan özüniň gazyny juda gowy şertlerde dört tarapa eksport edip biler.

Trans-Hazar barada aýdylanda, bu, esasan, [geljekde] ýagdaýlaryň özgerşine bagly bolar. Amala aşsa – gowy zat, başa barmasa-da, bu Türkmenistan üçin ahyrzamany aňladanok.
XS
SM
MD
LG