Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Ulaglar gymmatlaýar


Aşgabadtň awtoulag bazaryna çykarylan bir maşynyň ýüzündäki bildiriş.

Aşgabadtň awtoulag bazaryna çykarylan bir maşynyň ýüzündäki bildiriş.

“Altyn asyr” Gündogar bazaryndaky awtoulag satylýan bazardan ulag satyn almaga baran 36 ýaşly Meýlis awtoulaglaryň bahasynyň soňky 2-3 hepdede gymmatlap başlandygyny aýdýar. Onuň 3 ýyllap ýygnan puly indi awtoulag satyn almaga ýetmeýär.

“Ýene-de 1000 dollar gerek bolar. Geçen ýylyň ahyrynda meniň satyn aljak bolan Opel Astramyň bahasy 4,5-5 müň dollardy. Indi onuň bahasy 5,5-6 müň dollar bolupdyr” diýip, Meýlis aýdýar.

Ýurda getirilýän öň ulanylan awtoulaglaryň bahasynyň gymmatlap başlandygyny awtoulag satýan söwdagärler hem aýdýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, häzir awtoulaglaryň bahalary 8-10% ýokary galypdyr.

Sebäbi

Awtoulaglaryň bahalarynyň ýokary galmagy halk arasynda giňden gürrüňi edilýän we ýakynda kabul ediljekdigi aýdylýan bir karar bilen bagly. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir awtoulag söwdagärleriniň aýtmagyna görä, 1-nji martdan ýurda getirilýän awtoulaglaryň zawoddan goýberilen senesiniň 5 ýyldan köp bolmaly däldigi barada karar kabul edilmeli.

Resmi çeşmelerden bu barada maglumat tapyp bolmady. Emma häkimiýetleriň şeýle karara gol çekiljekdigi barada duýduryş berendigini awtoulag söwdasy bilen meşgullanýan 38 ýaşly Röwşen aýdýar.

“Şonuň üçin häzir awtoulag almaga gidenler 2008-nji ýyldan bärde çykan awtoulaglary getirip başlarlar. Olaryň bahasy bolsa gymmat bolýar” diýip, Röwşen gürrüň berýär. Bu barada halk köpçüligine resmi taýdan hiç hili maglumat berilmedi.

Ýurda getirilýän awtoulaglaryň zawoddan çykarylan ýylyny çäklendirmeklik öňem bolupdy. 2010-njy ýylyň başynda ýurda 12 ýyldan aňyrdaky awtoulaglary getirmeklik gadagan edildi. Şondan soň, 2011-nji ýylda, on ýyldan aňyrda öndürilen awtoulaglary ýurda getirmek gadagan edilipdi.

Her gezek şeýle çäklendirmeler girizilende, ýurduň awtoulag bazarynda awtoulaglaryň bahalarynyň gymmatlamagyna getirýärdi. Bu gezegem bahalaryň ýene-de ýokary galmagyna garaşylýar.

“1-nji martdan awtoulaglaryň bahasy häzirkisindenem has ýokary galar. Hatda 2008-nji ýyldan öň çykan awtoulaglaryň hem bahalary ýokary galar” diýlip garaşylýandygyny Röwşen gürrüň berýär.

Ilatyň garaýyşlary

Ýurda getirilýän awtoulaglara bu hili çäklendirmeleriň nähili matlaplar bilen girizilýändigi barada resmiler tarapyndan düşündiriş berilmeýänligi üçin ilat arasynda bu barada dürli gürrüňlerdir çaklamalary döreýär.

Käbir awtoulag sürüjileriň aýtmaklaryna görä, häzir köçelerdäki awtoulaglaryň daş keşbine uly üns berilýär. Aşgabatly sürüji, 46 ýaşly Mergen bu hakda seýle diýýär: “Aşgabada girjek bolanyňda, maşynlary ýörite awtoýuwalgada ýuwduryp girmeli. Hapa maşyn bolmaly däl”.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl mugt benzin berlende hem awtoulagyň daş-keşbine görä talon almaga rugsat bermeklik düzgüni girizildi. Käbir sürüjileriň aýtmaklaryna görä, awtoulagyň kuzowynda çalaja çyzyk bolsa, şol barlagdan geçirilmeýär.

Ilat arasynda bu çäklendirmeler ýurtda täze awtoulaglary satýan hususy dükanlaryň bähbitleri aralyp edilýär diýen pikir hem bar. “Bu dükanlaryň köpüsi ýokary wezipeli ýolbaşçylara ýa-da olaryň garyndaşlaryna degişli. Şolaryň satýan awtoulaglarynyň söwdasyny ýokarlandyrmak üçin bu çäklendirilme girizilýär” diýip, 36 ýaşly Meýlis aýdýar.

Emma täze awtoulaglary satyn almaga gurby çatýan türkmenistanlylar köp däl. Türkmenistanlylaryň köpüsi üçin awtoulag zynat däl-de, zerurlyk. Käbirleri üçin bolsa ýeke-täk eklenç çeşmesi.

Şol sebäpdenem ýurtda öň ulanylan awtoulaglaryň bahasynyň ýokary galmagy ýurduň ilatynyň aglaba böleginiň ykdysady durumyna öz täsirini ýetirýär.

“Elbetde, täze awtoulag satyn alyp bilseň, oňa ýetesi zat ýok. Emma bahasy 10-12 müň dollardan geçýän awtoulagy satyn alyp bilmeseň nätjek. Ilki bilen aýlyklary galdyryp, soň şunuň ýaly gadagançylyk girizseler bolmaýarmy?” diýip, Meýlis Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde öz pikirini beýan etdi.

Türkmenistana köne awtoulaglary getirmek uly söwda. Bu söwda iki tarapada bähbitli. Satyjylar awtoulaglary satyp girdeji edinýärler, alyjylara-da, köne-de bolsa, sürmäge amatly awtoulaglary edinmäge mümkinçilik döreýär.

Emma, aram-aram döwletiň bu söwda goşulmagy iki tarapyň-da bähbitlerini çäklendirýär diýip Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan awtoulag söwdagärleri aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG