Sepleriň elýeterliligi

Kosowanyň we Serbiýanyň prezidentleri duşuşdy


(çepden saga) Kosowanyň prezidenti Atifete Ýahýaga, ÝB-niň baş diplomaty Katerin Aşton we Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç.

(çepden saga) Kosowanyň prezidenti Atifete Ýahýaga, ÝB-niň baş diplomaty Katerin Aşton we Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç.

Kosowanyň prezidenti Atifete Ýahýaga bilen Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç Ýewropa Bileleşiginiň araçylyk etmginde çarşenbe güni Brýusselde duşuşdylar.

Bu Kosowo 2008-nji ýylda özüniň Serbiýadan garaşsyzdygyny yglan edeli bäri iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda geçen ilkinji duşuşykdyr.

Gepleşiklerden maksat Kosowanyň Serbiýadan aýrylmagy netijesinde dörän dartgynlylygy gowşatmak.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton iki tarapyň arasyndaky gepleşikleriň dowam etjekdigini wada berdi: "Biz häzir demirgazyk Kosowa meselesi barada pikir alyşýarys. Öňümizdäki hepdeler gaty möhüm bolar. Prezident Nikoliç bilen prezident Ýahýaganyň ikisi-de özleriniň dialogy goldap, özara dialoga hem-de Ýewropa Bileleşiginiň hödürlän gün tertibine görä hereket etjekdiklerini ynandyrdylar. Men hem Serbiýa hem-de Kosowa Ýewropa perspektiwasyny ýene bir gezek tassykladym. Ikisine-de, Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň 2012-nji ýylyň dekabrynda gelen nitejeleri bilen sazlaşykly, bu Bileleşige tarap ilerlemek üçin edilýän tagallalary dowam etdirmegi ündedim".

Nikoliç çagyryş etdi

Duşuşykdan soň Nikoliç Kosowany garaşsyzlyk talabyndan el üzmäge çagyrdy: "Başlangyç uçin erbet däl. Biz gepleşiklere girişdik. Bu gepleşikleriň näçe wagta çekjekdigi möhüm däl, ýöne uzak gürleşip, bir netijä gelinse gowy. Emma Priştina öz pozisiýasyndan dänmän, garaşsyz döwlet bolmak tutumyny üýtgetmese - bu Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen zat däl - onda ylalaşyga gelmek kyn bolar".

Ýöne Ýahýaga indiki göçüm Belgraddan diýýär: "Gynansak-da, ol ýeke meniň ýurduma däl, eýsem tutuş regiona hem weýrançylyk we zyýan ýetiren, şol öňki radikal milletçilikli tutumda galdy. Men serb halkyna oňaýly özgerişler, hyzmatdaşlyk, oňat goňşuçylykly gatnaşyklar bähbitli bolar diýip umyt edýärin. Döwrüň ugry indi integrasiýa tarap. Gegemoniýaçylyk döwri ötdi. Bu biziň üçin Ýewropa Bileleşigine we Ýewropa Bileleşigi-Atlantika prosesine integrirlenmäge tarap gönükmegiň wagty".

Öz ýarany Orsýetiň goldawy bilen Serbiýa Kosowanyň garaşsyzlygyny ret edýär.

Ýöne Belgrad ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulmak mümkinçiligini gowulandyrmak üçin Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda Kosowanyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirmäge razylyk berdi.

Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar eden döwletleriň sany 90-dan gowrak. Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň hem köpüsi şu döwletleriň arasynda.

Serbiýa 1999-njy ýylda NATO-nyň howadan uran zarbalary netijesinde Kosowanyň üstünden kontrollygy elinden berdi. 2008-nji ýylda hem Kosowa öz garaşsyzlygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG