Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belli azeri ýazyjysy “halk ýazyjysy” adyndan mahrum edildi


Penşenbe güni Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bu ýurduň belli ýazyjysy Akram Aýlislini “Azerbaýjanyň halk ýazyjysy” diýen adyndan hem-de prezidentiň personal pensiýasyndan mahrum etmek barada perman çykardy.

ITAR-TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, prezident Alyýewiň şeýle perman çykarmagyna ýazyjy Akram Aýlisliniň Orsýetde çap edilýän “Družby narodow” žurnalynyň dekabr sanynda çap edilen “Daş ukulary” atly romany sebäp bolupdyr.

Käbir azerbaýjanly synçylar awtoryň öz bu romanynda Daglyk-Garabag konfliktinde azerbaýjanlylary rehimsiz edip görkezip, halkyň mertebesini kemsidendigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG