Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň liderleri geljek 7 ýylyň býujetini maslahatlaşýarlar


Anna güni Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň liderleri Brýusselde Bileleşigiň geljek ýedi ýyl boýunça býujeti bilen baglanyşykly ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar.

Bu býujet taslamasynda 2014-2020-nji ýyllar aralygynda Bileleşigiň çykdajylaryny 960 milliard ýewrodan geçirmezlik göz öňünde tutulýar. Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bu dokumentiň taslamasy boýunça anna güni gutarnykly ylalaşyga gelerler diýlip garaşylýar.

Ýewropa Bileleşigine agza Britaniýa we Gollandiýa ýaly ýurtlar Bileleşigiň býujet çykdajylaryny has kemeltmegiň tarapynda çykyş edýän bolsalar, Fransiýa we Polşa ýaly ýurtlar oba hojalyk fermalaryna we infrastrukturalara edilýän çykdajylary birneme artdyrmagyň tarapyny tutýarlar.
XS
SM
MD
LG