Sepleriň elýeterliligi

Berlinde halkara “Berlinale” kino festiwaly açyldy


“Berlinale” kino festiwalynyň geçirilýän binasynyň girelgesinde. Berlin, 7-nji fewral, 2013.

“Berlinale” kino festiwalynyň geçirilýän binasynyň girelgesinde. Berlin, 7-nji fewral, 2013.

Penşenbe güni Germaniýanyň paýtagty Berlinde halkara “Berlinale” kino festiwaly açyldy.

Bu ýyllyk kino festiwaly 7-nji fewraldan 17-nji fewrala çenli dowam eder. Festiwalyň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlarynda döredilen 400 töweregi film görkeziler.

Ýöne bu ýyl festiwalyň “Altyn aýy” baýragyny almak ugrundaky final bäsleşige 19 filmiň saýlanyp alnandygy habar berilýär.

Olaryň arasynda rus kino režissýory Boris Hlebnikowyň “Uzak bagtly ömür” atly filmi-de bar.
XS
SM
MD
LG