Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kliçko we ýaranlary parlamentde darkaş gurýar


Oppozision deputatlar parlament tribunasyny eýeläp, protest edýärler. Kiýew, 5-nji fewral, 2013 ý.
Oppozision deputatlar parlament tribunasyny eýeläp, protest edýärler. Kiýew, 5-nji fewral, 2013 ý.
Ukrain parlamenti ýene darkaş meýdanyna aýlandy, ýagny oppozisiýadaky deputatlar tribunany uzakly gün eýeläp, öz protestleriniň soňsuz dowam edip biljegini aýtdylar.

Boks çempiony Witaliý Kliçko tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Udar”, Ukrainanyň demokratik ýaranlygy partiýasy bilen “Batkiwşina” partiýasynyň deputatlary, Ukrainanyň oppozisiýa üçin demokratik ýaranlygy diýen şygar astynda, 5-nji fewralda proteste başladylar.

Olaryň maksady Ukrainada we Orsýetde “pianino ses berişligi” diýip bilinýän saýlawyň soňuna çykmakdan ybarat. Bu hili ses berişlikde ses berilýän otagdaky deputatlar ol ýerde ýok kärdeşleriniň ýerine hem ses berýärler.

Protestçi deputatlar, ses berişlige her bir deputatyň özüniň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin, barmak yzyny ykrar edýän sistemanyň girizilmegini talap edýärler.

Bu problema Günbatarda köplenç özara ylalaşyk usulynda çözülýär, ýagny garşydaş partiýalaryň deputatlaryndan biri saglyk ýagdaýy, syýahata gidenligi ýa başga bir kanuny sebäp esasynda planlaşdyrylýan ses berişlige gatnaşyp bilmeýän bolsa, olar munuň üçin beýleki tarapdan hem bir deputatyň ses berişlikden saklanmagy barada özara ylalaşýarlar. (Bu usul Günbatarda doly ygtybarly hasaplanmaýar, ýöne gowy işleýär we bir asyr çemesi döwürde onuň uly bir şowsuzlyga getiren ýerini tapyp bolmaýar.)

Emma Ukrainanyň syýasy meýdanynda hiç bir aňsat zat ýok. Bu ýerde diňe soňky bir ýylyň özünde azyndan iki gezek, dekabr we maý aýlarynda dawa-jenjel turdy.

Boýy iki metre golaý Kliçko boks meýdanynda öz garşydaşlaryny urup ýykmak bilen meşhur, ýagny onuň bäsleşen 47 garşydaşyndan 45-si nokaut bilen ýeňildi. Ol tribunada, hatda bu irki saýlawlaryň geçirilmegini aňlatsa-da, öz ýaranlarynyň talaby berjaý edilýänçä galjagyny aýdýar.

Bu gapma-garşylyk häzirki parlamentdäki boş orunlary doldurmak üçin geçirilen saýlawlardan bary-ýogy üç aý soň döredi. 5-nji fewral deputatlaryň gyşky arakesmeden soň kanunçylyk işine dolanan ilkinji günidi.
Eger parlament 30 ýa-da ondan hem köp gün işläp bilmese, Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ony dargytmaga hukugy bar.

Emma bu gapma-garşylyk ýene bir gün dowam etse-de oňaýsyz boljak, sebäbi Ýewropa Bileleşiginiň giňeldiş komissary Stefan Fuel 7-nji fewralda ukrain parlamentiniň öňünde çykyş etmegi planlaşdyrýardy.

Kiýewiň kanunyň hökmürowanlygyndan yza süýşmegi oňa Brýusselde eýýäm gymmat düşdi.

Ukrain resmileri 25-nji fewralda geçmeli ÝB-Ukriana sammitiniň ÝB tarapyndan petige diredilen söwda şertnamasynyň ýoluny açmagyna bil baglaýardylar. ÝB bu söwda şertnamasyny Wiktor Ýanukowiçiň duşmanynyň, öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi üçin togtadypdy. Indi Timoşenkonyň adam öldürmekde hem aýyplanyp biljekdigi duýdurylypdyr diýen habar bar.
XS
SM
MD
LG