Sepleriň elýeterliligi

Eýran türmesinde dogulmagyň ömürlik netijeleri


Human Musawi

Human Musawi

2010-njy ýylyň aprel aýy, bu sene – Mahmud Ahmedinejad jedelli prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazananda, köçelerde turan protestlerde müňlerçe adam tutulyp, türmä atylandan on aý soň.

Tähranyň "Ewin" türmesinde gözi bagly bir tussag diwara bakyp otyr. Içeri ümsümlik. Birdenkä gapdaldan bir ses eşidilip, onuň ady soralýar. Tussag: "Human Musawi" diýip, jogap berýär.

Ýaňky adam güýçli ýumrugy bilen Musawiniň ýeňsesine urýar. Onsoň bir portfeli açyp, bir topbak kagyzy çykarýar-da, Musawa: "Gol çek" diýip, buýruk berýär. Ony ýene bir gezek urýar, ýöne bu gezek ýeňsesine däl-de, ýüzüne urýar.

"Bu ýagdaý on sekiz sagatlap dowam etdi. Soragçy, yzyny üzmän, maňa haýbat atyp, ähli zada gol çekmegimi talap etdi. Bu dokumentlerde meniň kimler bilen gatnaşyk saklandygym, haýsy demonstrasiýalara gatnaşandygym, nähili raportlary we wideo ýazgylary taýýarlap, kimlere iberendigim görkezilendi" diýip, Musawi aýdýar.

Musawi ”Ýaşyl hereketiň” protestlerine gatnaşanlygy, demonstrasiýalary surata düşürip, olardan wideo ýazgylar taýýarlandygy üçin iki ýarym ýyl türmede oturypdyr. Munuň ýedi aýyny hem ýalňyz oturylýan tussaglykda geçiripdir.

Ilkinji gezek däl

Ýöne bu Musawiniň türme babatynda edinen ilkinji tejribesi däl. Ol 1986-njy ýylda Şiraz şäheriniň Adelabat türmesinde doglupdyr. Onuň dokma senagatçysy bolan kakasy Eýranyň halk mujaheddinleri guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýänlikde günälenip, tussag edilipdir. Göwreli ejesi hem jenaýatçynyň şärigi hökmünde türmä basylypdyr. Musawi türmede dünýä inip, ömrüniň ilkinji iki ýylyny tussaghanada geçiripdir.

Musawi özüniň türmede geçen bäbeklik döwri barada şeýle gürrüň berýär: "Bu iki ýylda hemişe näsag bolandygymy daýzam maňa aýdardy. Mydama aglardym. Mende deri başlary bardy hem-de erbet sowuklardym. Ulalanymdan soň hem çagalykda iki ýyllap kynçylyk çekenim üçin bu simptomlar menden aýrylyp gitmedi. Daýzamyň aýtmagyna görä, ejemiň meni emdirere süýdi bolmandyr. Türmede meni 5-6 aýal emdiripdir. Ölmän galmagyma sebäp bolan şol bolupdyr".

Iň soňunda hem onuň ejesine-de, kakasyna-da ölüm jezasy berlip, Musawi ýetim galypdyr.

Musawa öz garyndaşlary hossar çykypdyrlar. Ýöne garyplyk we Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň ezýeti, azary netijesinde ony ekläp-saklamak aňsat bolmandyr. Ene-atasyna döwlet tarapyndan ölüm jezasy berlen çaga hökmünde, syýasy işjeňlikden saklanmagy üçin, oňa birsyhly duýduryş berlip durlupdyr.

2010-njy ýylda türmä düşende hem soragçy oňa ejesini, kakasyny ýatladyp, ýygy-ýygydan: "Saňa-da, ejeňe, kakaňa berlişi ýaly, ölüm jezasy berler" diýipdir.

"Gamçylanan ilkinji adam men boldum. Göwnüme bolmasa, meni uran esger bu işe ökde däl ýalydy. Gamçy üç sany inçe, örülen gaýyşdan ybaratdy. Urgy degen ýerini agyrtsyn diýip, gamçynyň ujy düwlendi.

Esger uranda, meniň gursagyma urdy. Gursagym gyzaryp çişdi. Aglamajak ýa ýalbarmajak bolup, elde barymy etdim. Iň soňunda hem çydaman, 'Näme üçin gursagyma urýarsyň? Sen meniň arkama urmaly' diýdim" diýip, Musawi aýdýar.

Üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Musawi iki ýarym ýyldan soň, 2012-nji ýylyň awgust aýynda, günäsi geçilip, boşadylypdyr. Ýöne türmeden çykansoň hem howpsuzlyk güýçleri ony gözden sypdyrman, yzarlap gezipdirler. Soragçy ony çagyryp, ikinji gezek türmä düşse, onda onuň dar agajyndan sypyp bilmejekdigini aýdypdyr.

Gidere ýeriniň ýokdugyny aňan Musawi ahyrsoňy barja goşuny bir haltajyga düwüp, ýurtdan gaçyp çykypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG