Sepleriň elýeterliligi

Senatorlar ABŞ-nyň gizlin programmasyny sorag astyna alýarlar


Jon Brennan Senatda soraglara jogap berýär. Waşington, 7-nji fewral, 2013 ý.

Jon Brennan Senatda soraglara jogap berýär. Waşington, 7-nji fewral, 2013 ý.

Merkezi aňtaw gullugynyň başlyklygyna hödürlenen Jon Brennan penşenbe güni Senatda bolan we protestçiler tarapyndan birnäçe gezek arasy bölünen tassyklaýyş diňlenişiginde Birleşen Ştatlaryň terrora garşy alyp barýan dawaly syýasatyny gorap çykyş etdi.

Komitetiň başlygy Daýan Faýnştaýn (D-Kalifornia) diňlenişigi wagtlaýyn togtadyp, otagy boşatmaga mejbur boldy.

Protestçi aýal: “...Pakistanda we, jenap Brennan, eger siz meniň sanawymdakylaryň kimdigini bilmeýän bolsaňyz, mende ähli atlaryň we ähli ýaşdakylaryň sanawy bar..!”
Faýnştaýn: “Bolýar. Men diňlenişigi togtadýaryn. Men otagyň boşadylmagyny soraýaryn we Kod Pink partnýorlarynyň otaga goýberilmezligini talap edýärin.”

Ýaşyryn programma

Brennan Birleşen Ştatlaryň Pakistanda, Ýemende we beýleki ýerlerde terrorçylary yzarlamak we öldürmek üçin ulanan dron, ýagny adamsyz uçar programmasynyň esasy arhitektorlarynyň biri hasaplanýar. Bu programma graždan adamlaryň ölümine sebäp bolýandygy üçin berk tankyt edilýär.

Senatorlar Brennana bu programmanyň daş-töweregindäki syrlar barada berkden-berk sorag berdiler we Ak tamyň kimi nyşana almalydygy we haçan herekete geçmelidigi barada nähili ýagdaýda karar kabul edýändiginiň anyklanmagyny talap etdiler.

Brennan prezident Obama terrora garşy islendik hereketiň “kanuny taýdan esaslandyrylyp, aňtaw maglumatlaryndan berk ugur alyp edilmegini” talap edýär diýdi.

“Biz beýle çäreleri diňe soňky çykalga hökmünde, adam janyny halas etmek üçin, abanýan howpy aradan aýyrmaga başga çärämiz galmadyk ýagdaýynda ulanýarys” diýip, Brennan aýtdy.

Şeýle-de ol protestçileri nazarlap, özlerine dogry düşünilmeginiň gerekdigini nygtady.

Deputatlar aýdyňlyk isleýärler

Deputatlar Brennandan Ak tamyň “Al-kaýda” lideri diýip güman edilýän we Birleşen Ştatlara howp salýan hasaplanýan amerikanlary daşary ýurtda öldürmeginiň kanuny esaslary barada gürrüň bermegini, bu ugurda şu wagta çenli syr bolan zatlary açmagyny hem soradylar.

Bu programma baradaky maglumat şu hepdäniň başynda metbugata syzyp, giň jemgyýetçilige belli bolupdy.

Senator Ron Widen, oregonly demokrat, Brennana jemgyýetçiligiň “prezidentiň amerikanlary öldürmek ygtyýarlylygy” barada bilmäge haklydygy ýa däldigi barada sorag berdi.

Brennan bu soraga göni däl-de, diňe hökümetiň aýdyňlygy, şol bir wagtda hem ýaşyrynlygy we öz milli howpsuzlygynyň goragyny optimallaşdyrmalydygyny aýtmak bilen jogap berdi.

Kanun çykaryjylaryň açyk-aýdyňlygyň bolmazlygy sebäpli dörän lapykeçligi olaryň käte juda kesgin eşidilen soraglaryndan hem görünýärdi. Emma Brennan bu soraglara, eger aňtaw gullugyna başlyk bellense, maglumat bölüşmegiň derejesini ýokarlandyrmaga çalyşjagyny aýdyp, umumy jogap bermek bilen çäklendi.

Jon Brennan prezident Jorj W. Buşuň gol astynda terrora garşy merkeziň başlygy bolmazyndan öň çärýek asyrlap Merkezi aňtaw gullugynyň analisti bolup işläpdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG