Sepleriň elýeterliligi

Hytaý etniki tibetlilerden 70-siniň tussag edilendigini aýdýar


Hytaýyň häkimiýetleri anna güni etniki tibetlileriň ýaşaýan regionynda 70 adamyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Bu wakanyň öňýany bu regionda Hytaýyň merkezi hökümetiniň syýasatyna protest bildirip, birnäçe ýerli tibetli aktiwist öz janlaryna kast edişlikleri amala aşyrypdylar.

Hytaýyň resmi “Ksinhua” habar agentligi bu tussag edilenlerden 12-sine resmi jenaýat aýyplamasynyň bildirilendigini habar berýär. Emma olara anyk nähili işlerde aýyplama bildirilýändigi barada anyk maglumat berilmeýär.

2009-njy ýyldan bäri hytaýly tibetlileriň 100-e golaýy Pekiniň syýasatyna protest bildirip, öz-özlerini otladylar.

Protestçiler Tibet regionyndaky ýaşaýjylara has uly dini erkinlik berilmegini hem-de tibet buddistleriniň ruhy lideri Dalaý Lamanyň bosgunlykdan yzyna dolanmagyna rugsat berilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG