Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç Ukrainany Ýewropa Bileleşigine ýakynlaşdyrmak isleýär


Anna güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Kiýewde Ýewropa Bileleşiginiň giňeldilmek meselesi boýunça komissary Stefan Fuele bilen geçiren duşugynda Ukrainanyň assosirlenen partnýorlyk ylalaşygyny baglaşmaga bolan islegini mälim etdi.

Bu barada eden çykyşynda ol Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen assosirlenen partnýorlyk baradaky ylalaşyk üçin edilýän talaplaryň hemmesini berjaý etmek ugrunda çalyşjakdygyny nygtady.

Assosirlenen partnýorlyk ylalaşygy islendik ýurda Ýewropa Bileleşigi bilen erkin söwda zonasyny döretmäge-de mümkinçilik berýär.

Ýewropa Bileleşiginiň giňeldilmek meselesi boýunça komissary Stefan Fuele şeýle ylalaşyga gol çekilmegi üçin Ukrainanyň şu ýylyň noýabrynda Wilnýusda geçiriljek ýörite sammitden öň Ýewropa Bileleşiginiň edýän talaplaryny doly berjaý etmelidigini belledi.
XS
SM
MD
LG