Sepleriň elýeterliligi

BMG ABŞ-nyň hujumlerinde owgan çagalarynyň olumine alada bildirýär


Anna guni BMG-nin komiteti sonky dort ýylyň dowamynda Owganystanda amerikan guýçlerinin geçiren gury er we howa hujumlerinde ýuzlerçe çaganyň oldurilendigi baradaky fakta alada bildirýändigini mälim ätdi.

BMG-nin Çagalaryň hukuklary baradaky komiteti bu ýitgileriň “ätiýaçlyk çäreleriň talabalaýyk däldigi hem-de parh goýmazdan güýç ulanmak” ýaly ýagdaýlar sebäpli ýüze çykýandygyny belläpdir.

Düýbi Ženewada ýerleşýän bu komitet, aýratynam, öldürilen owgan çagalarynyň sanynyň 2011-nji ýylda şondan bir ýyl ozalky bilen deňeşdirilende iki esse artmagynyň has-da uly alada döredýändigini belläpdir.

Birleşen Milletler Guramasy her dört ýyldan bir gezek çagalaryň ýagdaýyna täsir edýän syýasatlar bilen baglanyşykly ýörite diňlenişik geçirýär.

Onuň bu gezekki diňlenişigi ABŞ-nyň pilotsyz uçarlar arkaly geçirýän hüjümleri bilen baglanyşykly jedelleriň güýçlenen döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG